Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Injener Chozgutleri»: inženerçilik çözgütleriniň dünýäsi

0
30578

Türkmenistanyň gurluşyk we önümçilik pudagy häzirki wagtda güýçli depginler bilen ösýär, her ýyl täze kärhanalar, senagat desgalary açylyp ulanmaga berilýär, olaryň bina edilmeginde bolsa türkmen kärhanalary işjeň gatnaşýarlar.

Şeýle kärhanalaryň biri hem, ýurduň gurluşyk-inženerçilik kompaniýalarynyň esasylarynyň biri hasaplanýan, 2011-nji ýylda esaslandyrylan «Injener Chozgutleri» kärhanasy bolup, ol nebitgaz, senagat hem-de energetika gurluşygy pudagynda iş alyp barýar.

«Injener Chozgutleri» kärhanasynyň ilkibaşda ýola goýan işi senagat we energetika desgalarynyň taslamalaşdyrylmagy bolsa-da, wagtyň geçmegi bilen kompaniýa güýçli inženerçilik işgärler düzümini döretdi, bu bolsa kompaniýanyň işiniň hünär taýdan täzeden ýöriteleşmegine we onuň iş gerimini giňeltmäge mümkinçilik berdi. «Injener Chozgutleri» gurluşyk we inženerçilik kompaniýasy statusyna eýe boldy.

Öndürijilikli alnyp barlan işleriň netijesinde, soňky 12 ýylyň dowamynda 135-den gowrak taslama üstünlikli amala aşyryldy. Kompaniýanyň 570-den gowrak işgäri bolup, şolardan 76-sy inžener-tehniki düzüme degişli hünärmenlerdir. Ýokary hünär taýýarlykly hünärmenleriň derejesi we kompaniýanyň işiniň hili «Çalik Enerji», «Dragon Oil», «Bouygues», «Eni», «ATVAGA Energy LLC», «BEE Consulting», «Petronas Carigali» we beýleki iri kompaniýalar bilen ynamly hem-de uzak möhletli gatnaşyklaryň ösmegine getirdi.

Kompaniýanyň işiniň esasy ugurlary:

- Inženerçilik.

- Binalaryň energetiki modelirlemesi.

- Ýangyny we gazy ýüze çykarmak ulgamlarynyň 3D seljermesi.

- Nebit we gaz senagatynyň hem-de energetika desgalarynyň gurluşygy.

- Inženerçilik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak.

Hyzmat işleri:

Gözegçilik-ölçeg gurallary we awtomatika

Tehnologik turbageçirijileriň montažy

Enjamlary gurnamak

Synag etmek we işe girizmek

Poslama garşy gorag

Rezerwuarlary arassalamak

Ýylylyk izolýasiýa işleri

Senagat sekilerini gurnamak boyunca işleri

Täze ugurlaryň ösdürilmegi:

— Senagat suwasty işleri, suwasty barlag («FSDS» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda).

Senagat desgalary bilen işlemekde toplanan uly tejribe, işgärleriň hünär ussatlygy we uly göwrümli amaly işler «Injener Chozgutleri» kompaniýasy islendik çylşyrymlylykdaky taslamalary döretmäge we durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär.

«Injener Chozgutleri» täze ugurlaryny we iş geografiýasyny netijeli ösdürýär. Soňky 3 ýylyň dowamynda kompaniýa ABŞ-ly hyzmatdaşlar, «Atvaga Energy» we «BEE Consulting» kompaniýalary bilen sertifikatlaşdyrmak hem-de energiýa netijeli gurluşygy taslamalaşdyrmak boýunça gepleşikleri geçirdi. «Injener Chozgutleriniň» 2024-nji ýyla göz öňüne tutýan maksady ABŞ-da «ýaşyl gurluşygy» ýola goýmak.

Kompaniýanyň ştatynda ýokary hünär taýýarlykly hünärmenler bar we olar häzirki zaman tehniki enjamlar bilen üpjün edilýär. Bu şertleriň ählisi bolsa islendik taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Işi babatda kompaniýanyň tapawutly taraplarynyň hatarynda enjamlar we materiallar bilen üpjün etmekde göni şertnamalaryň bolmagy, şeýle hem sargytlary ýerine ýetirmekde öz nusgasy we işlenip düzülen tejribesi bar, bu bolsa sargytlaryň möhletlerini obýektleriň hiline hiç hili zyýan ýetirmezden ep-esli azaltmaga esas berýär.

«Injener Chozgutleri» müşderilere ýerine ýetirilen işleriň hilini kepillendirip, iň täsirli we tygşytly çözgütleri hödürleýär. Munuň netijesinde hem kompaniýa tarapyndan her bir amal edilýän taslama babatda işiň ähli tapgyrlaryny yzarlamaga mümkinçilik berýän hil gözegçilik ulgamy döredildi we ornaşdyryldy.

Kompaniýa müşderilere şu günki günde iň oňat kepilligi hödürleýär — onuň çäginde taslamanyň ulanmaga berlen wagtyndan başlap 12 aýdan az bolmadyk döwürde ähli zerur bolan hyzmatlar üpjün edilýär. Kompaniýa tarapyndan gurlan desgalar ygtybarlylygy, uzak möhlete hyzmat edýändigi we öndürijiligi bilen tapawutlanýar.

«Injener Chozgutleri» kompaniýasynyň uly iş topary bolup, olaryň ählisi öz işinde tejribeli hünärmenlerdir. Desgalaryň dürli welaýatlarda ýerleşýändigi sebäpli, işgärleri hemişe üýtgetmek mümkin bolmaýar. Kompaniýanyň esasy işgärler bölegi işçileriň umumy sanynyň 70-80%-dir; olar göçmek bilen, taslamalar boýunça paýlanýarlar. Taslamalar ýerine ýetirilýän mahaly zerurlyk ýüze çyksa, işgärler düzümi ýerli ýaşaýjylardan üpjün edilýär.

Kompaniýa importyň ornuny tutmak syýasatyny işjeň goldaýar, şu meselede hem «Injener Chozgutleri» her bir müşderi üçin eýýäm diňe bir Ýewropanyň däl, eýsem, türkmen kompaniýalarynyň enjamlary we materiallary öndürmekde önümçilik netijeleri bilen bagly amatly çözgütleri hödürlemäge taýýardyr.

Häzirki wagtda kompaniýa ygtybarly we hoşniýetli hyzmatdaş hökmünde netijeli ösmegini hem-de abraýyny artdyrmagyny dowam etdirýär.

«Injener Chozgutleri» kompaniýasynyň ofisi şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., Görogly köçesi, 122-nji jaý, «Aşgabadyň Ýalkymy» söwda merkezi, 4-nji gat.

Telefon belgisi: (+993 12) 90 67 02

Kompaniýanyň saýty: www.es-tkm.com

Elektron poçta salgysy: dcc1@es-tkm.com

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar