Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Nädip sowalgaňy oýlanyşykly sarp etmeli we harajadyňy meýilleşdirmegi öwrenmeli?

1
57110

Işleýän adamlaryň hemmesi diýen ýaly aýlyk alanlaryndan bir hepde geçensoň, bu aljyraňňylyk duýgusyny başdan geçirýän bolsalar gerek: «Pullarym nämä sowuldyka?». Pul özbaşyna tiz hem-de düşnüksiz ýagdaýda gutarýan häsiýete eýedir. Pulunyň hasabyny has ykjam we ýerlikli ýöredip bilýänler gaty bir känem däl, ýöne ony tygşytlamagy öwrenmek welin edip boljak zat.

Ilkinji bilen, biderek zatlara nähiliräk derejede pul sarp edilýänini göz öňünde tutmaly. Nobatdaky, onunjy gezek satyn alynýan, zerurlygy bolmadyk pamada ýa-da ýene-de bir göwnüňe ýaran telefon daşy, ýolugra tiz tagama sowlup, garbanara bir zatlar almak, süýji tagamly gazly suw, ownuk-uşak möhüm bolmadyk egin-eşik almak, wagtly-wagtyna restorana girmek, köplenç halatda gijä galyp, jemgyýetçilik ulagynyň ýerine taksa münmek — bularyň ählisi bir aýyň dowamynda ortatap adamlaryň köpüsiniň möhüm däl ýere sarp edýän harajatlarydyr.

Adamyň puly näçe köp bolsa, şonça-da köp sowýar. Girdeji näçe köpeldigiçe, çykdajy hem şonça artýar. Diňe käbir adamlar girdejisiniň has köpelýändigine garamazdan, öz maddy ýagdaýyny adaty tygşytlylykda saklap bilýärler. Biziň pulumyzyň köp harçlanmagyna bolsa daş-töwerek hem-de moda täsir edýär. Sosial media ulgamynyň, modanyň, haýsydyr bir meşhur bloggeriň sahypasyndaky «owadan durmuşyň» kartinalary köpleri «prestiži satyn almaga», ýagny illerden pes bolmazlyga we maddy ýagdaýyny hemmelere görkezmäge mejbur edýär.

Surat: ru.freepik.com

Puluňyzy ýerliksiz sarp etdirýän salym wagtlyk arzuwlaryňyza erk etmek isleýän bolsaňyz, gündelik durmuşyňyza zeper ýetirmezden, olardan kem-kem araňyzy açmaly bolarsyňyz. Mysal üçin, günde işde ýadap günortanlyga çykyp, onda-da golaý-goltumdaky kafeleriň birinde garbanýan bolsaňyz, onda mundan el çekip bolmaz, diýmek bu dogry çözgüt däl. Ýagdaýyňyza görä geýinmek isleýän bolsaňyz we muny netijesiz hasap etseňiz, tygşytly geýinmegiňizi dowam etmeli bolarsyňyz, bu hem ýerlikli çözgüt däldir. Ýöne, her günde aýak üstünden sowulýan tiz tagamlarymyz we ýerliksiz içgiler hem-de çipsdir beýleki tebigy däl iýmitlerden welin agzymyzy çetleşdirip bileris. Egin-eşik satyn alanymyzda hem örän ünsli bolup, haýsydyr bir marketing hilelerine düşmejek bolmalydyr.

Iň gowsy harajatlaryň hasabyny ýöretmek we býujetiňi aýa, hepdä we her güne bölüp meýilleşdirmekdir, özüňe has gerek bolan harytlaryň sanawyny düzmek bilen, ýanyň bilen gereginden artyk pul almazlyk. Bu bolsa gerekmejek zatlara pul sowmakdan saklar. Eger gündelik satyn alýan zatlarymyzy her günde ýazyp goýsak, onda nähili ownuk-uşak zatlara pul harçlaýanymyzy görüp bileris.

Eger maddy ýagdaýyň mümkinçilik berýän bolsa, onda artykmaç galan pullaryňy «içi pully howpsuzlyk ýassygymyz» üçin süýşürmek has ýerliklidir. Bu babatda ykdysatçylar aýlyk girdejiniň iň bolmanda 5-10%-ini tygşytlap goýmagy maslahat berýärler.

Pul tygşytlamakda «50/30/20» shemasy bar. Bu shema laýyklykda, aýlyk gazanjyň 50%-i has wajyp bolan sarp ediş harajatlaryna (iýip-içgi, jemagat hojalyk hyzmatlary, ulag, gerek bolan dermanlar...), 30%-i — o diýen bir zerur bolmadyk harajatlara (güýmenje, garaşylmadyk çykdajylar, sport türgenleşikleri we ş.m) sarp edilip, galan 20%-i bolsa «içi pully howpsuzlyk ýassygy» üçin tygşytlanylýar. Aýlyk girdejiniň köplügine görä, bu shemany özüňe laýyk görnüşde hem gurap bolar. Dogry, eger wajyp zatlar üçin sowýan puluň möçberi aýlygyň 80%-ine deň bolsa, onda «50/30/20» shemasyndan peýdalanyp bolmaz. Munuň ýaly ýagdaýda diňe gazananyň 5-10%-ini tygşytlamak ýörelgesine eýermek dogry bolar.

Eger örän uly bir zada pul sarp etmeli bolsaňyz, 3-4 aýlap onuň üçin gazanjyňyzdan mümkin boldugyndan pul süýşürmek ýerliklidir, emma aýlygyňyzy dolulygyna diýen ýaly şoňa harçlasaňyz indiki aýlar günüňizi dolamak kyn düşse gerek.

Bu bir «Köp bilip azyňdan galmak» diýen ýaly gatnaşyklardyr. Şonuň üçin has arzan zady satyn almak isleýän bolsaňyz, nämä pul berýäniňiz barada oýlanyň. Köplenç beýle tygşytlylyk arzan bahadan alnan haryt hiç zada ýaraman galan halatynda çykdaja sezewar edýär.

Peýdalanylan çeşmeler:  theoryandpractice.ru; lifehacker.ru; ru.freepik.com 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar