Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň aragatnaşyk ulgamyna taryhy nazaryýet

0
5595

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda baş şäherimiz Aşgabatda ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny häzirki zamanyň ösen sanly tehnologiýalarynyň esasynda özgertmeklik işine döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn üns berilýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamynyň ösüşi häzirkizaman dünýäsiniň iň soňky ylmy gazananlary bilen aýakdaş gidip, global sanly özgeriş bilen deň gadam basýar. 

140 ýaşyna gadam basan paýtagtymyzyň şu wagta çenli geçen şöhratly menzillerindäki taryhy durmuşynda-da  aragatnaşyk ulgamy esasy orun tutupdyr.   Aşgabatda 1913-nji ýyla çenli telefon diňe demirýol menzillerinde bolupdyr, Şol döwürde paýtagtymyzda şäherara telefon aragatnaşygy ýola goýulmandyr. Ýurdumyzyň baş şäherinde  şäherara telefon aragatnaşygy 1917-1924-nji ýyllarda döredilipdir. Şol ýyllarda Aşgabat – Moskwa  aralygynda we paýtagtymyz bilen  beýleki ýurtlaryň administratiw senagat merkezleriniň arasynda telefon aragatnaşygy ýola goýuldy.    

1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda bolup geçen ýer titremesi paýtagtymyzyň aragatnaşyk ulgamyna uly zyýan ýetiripdir. Aşgabadyň  we onuň töweregindäki etraplaryň aragatnaşyk kärhanalarynyň hemmesi diýen ýaly weýran bolupdyr. Aragatnaşykçylar tebigy betbagtçylygyň ýetiren bu zyýanyny tiz düzedipdirler.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamy  öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. 1992-nji ýylda Aşgabatda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ulgamynyň ilkinji sanly awtomatik bölümi  guruldy,  ATB-leriň bolsa durky täzelendi.

Aşgabatda aragatnaşyk pudagyny düýpli ösdürmäge Transaziýa-Ýewropa optiki süýümli ulgamy giň mümkinçilikler döretdi. Hytaýyň Urumçy şäherinden Germaniýanyň Frankfurt şäherine çenli uzlayp gidýän bu aragatnaşyk ulgamynyň Türkmenistanyň üstünden Farap-Paçgyran aralygy 1996-1998-nji ýyllarda guruldy. 2003-nji ýylda Aşgabat-Türkmenbaşy, 2006-njy ýylda Aşgabat-Daşoguz aralygynda hem optiki süýümli ulgamlar işe girizildi. Aşgabat şäheri welaýat merkezleri bilen optiki-süýümli ulgamlar bilen birleşdirildi. 1998-nji ýylda Aşgabatda Internetiň halkara ulgamynyň aragatnaşyk halkasy açyldy.

Ilkinji gezek 1994-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Aşgabat şäher telefon ulgamy Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň düzüm birligindäki kärhanalaryň hataryna girýärdi.

Hormatly Prezidentimiziň 2015-nji ýylyň 17-nji aprelinde kabul eden №14211 belgili karary esasynda Aşgabat şäher telefon ulgamy döwlet kärhanasynyň binýadynda, 2015-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi (öňki Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi), «Türkmentelekom» elektroaragatnaşyk kompaniýasy we «Altyn Asyr» ÝGPJ-ti «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň paýdarlary bolup durýar.

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-ti Türkmenistanyň ygtyýarlandyrylan aragatnaşyk operatorlarynyň biri bolmak bilen, Aşgabat şäheriniň çäklerinde müşderilere dürli, şol sanda simli telefon, Internet, IP telewideniýe, CDMA 450 D standartyndaky radioaragatnaşyk we beýleki hyzmatlary amala aşyrýar.   

Paýtagtyň telefon aragatnaşyk ulgamynda ýüzden gowrak sanly telefon beketlere tehniki taýdan hyzmat edilip, olaryň aglabasy häzirki zaman NGN we IP kommutasiýa standartlarynda işledilýär.

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-ti  dünýä belli daşary ýurt operatorlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen, döwletara birikme nokatlary dürli ýerlerden bolan ýokary tizlikli telekommunikasiýa kanallary bilen üpjün boldy we müşderilere ýokary hilli Internet hyzmatlaryny hödür edýär. Aşgabat şäherinde häzirki wagtda IP telewideniýe hyzmatlaryndan peýdalanýan müşderileriň sany 100 000-den artdy.

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-ti özüniň gelejekdäki ösüşinde, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini has ýokarlandyrmagy we olaryň görnüşlerini artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu maksatlar üçin ösüşiň esasy ugurlarynyň biri hem, maglumat geçiriş ukyplygy ýokary bolan, müşderilere bölüji giň gerimli aragatnaşyk ulgamlaryny döretmek bolup durýar. Bu ugurda optiki-süýümli transport ulgamlarynyň ýokary görkezijilere eýe bolýandygyny nazara alyp, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-ti optiki kabelleri müşderileriň öýüne çenli çekmek bilen GPON (Gigabit passive optical network) tehnologiýasynyň esasyndaky bölüji aragatnaşyk ulgamlaryny yzygider gurmagyny dowam edýär.

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-niň önümçilik işinde müşderilere dürli hyzmatlardan peýdalanmakda oňaýlyklary we amatlyklary döretmeklige aýratyn üns berilýär. Müşderiler tarapyndan hyzmatlardan peýdalanmakda onlaýn görnüşinde dürli hereketleri amala aşyrmak, meselem hyzmatlary birikdirmek ýa-da ýatyrmak, näsazlyklar barada habarlary ýerleşdirmek, balansyny bilmek, tölegleri amala aşyrmak we ş.m. üçin ýörite programma üpjünçilikleri, olaryň goşmaçalary döredilýär we ulanylyşa girizilýär.

Gaýry edara-kärhanalaryň hyzmatlary bilen gyzyklanýan müşderilere, meselem awtomobil, demir ýol hereketleri we ýolagçy gatnawlarynyň tertibi baradaky maglumatlary bermek hyzmatyny ýola goýmak üçin bir bitewi «Call center» ulgamyny döretmek işi meýilleşdirilen ugurda alnyp barylýar.

 

Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine

Peýdalanylan edebiýatlar:

  1. Türkmenistanyň taryhy boýunça hrestomatiýa. "Ylym" neşirýaty. 1992.
  2. T. Sahydow, G. Musaýew. Türkmenistanyň medeniýetiniň taryhy. Ýokary okuw mekdepleriniň taryh hünäriniň talyplary üçin okuw gollanmasy. Aşgabat, 2010.
  3. Türkmenistanyň ensiklopediýasy. VIII tom. «Ylym» neşirýaty. 1978.
  4. https://agts.tv/about

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar