Görnükli sport žurnalisti we teswirleýji Amanmuhammet Çaryýew barada
Futbol duşuşyklarynyň radioda göni ýaýlymda diňlenilýän döwürleri teswirleýjilere köp zat baglydy. Çünki ussat teswirleýjileriň alyp barýan reportažlaryny diňleýän futbol janköýerleri özlerini ýaşyl meýdanyň gapdalynda duran ýaly duýýardylar. Şol sebäpli-de, teswirleýjileriň meýdandaky bolup geçýän wakalary beýan etmegi üçin söz gory ýeterlik derejede bolmalydy. Şeýle bolmasa kemterräk kakjagy görnüp durdy. Şol döwürler her bir duşuşygy radioda, soňlugynda teleýaýlymda teswirlemek ýeňilýelpaý iş däldi. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde sport muşdaklaryna göni ýaýlymda ýetirilýän sport bäsleşikleri adaty ýagdaýa öwrüldi. «Türkmenistan. Sport» teleýaýlymynda günüň-gününe göni ýaýlymda köpçülige ýetirilýän dünýäniň meşhur futbol duşuşyklarynyň türkmen dilindäki teswirleri ýurdumyzyň futbol kommentatorlarynyň hem hil babatynda täze derejä çykandyklaryny görkezýär.
Bu ugurda dünýeden ötendigine garamazdan, köpleriň söýgüsini gazanan halypa sport teswirleýjisi Amanmuhammet Çaryýewiň teleýaýlymda alyp baran futbol duşuşyklaryndaky teswirlemeleri janköýerleriň häli-häzirem hakydasyndadyr. Özüm futbol hakynda ýazamsoň, Amanmuhammet aga bilen köp pikir alşardym. Ýazan makalaňda ýa-da bolmasa taýýarlan gepleşigiňde nätakyklyk boldugy dagy, ýaşuly žurnalistiň jaňyna garaşyber onsoň. Sypaýy düşündirişden başlanan gürrüňiň soňunda goýberen säwlikleriň aýyl-saýyl bolýar duruberýär. Garaz, halypa žurnalist üçin ownuk mesele bolmazdy. «Biziň ýazýan, gürleýän zatlarymyzy millionlar diňleýär. Şonuň üçin ýalňyşmazlyga çalyşmaly» diýip sargyt ederdi.
50 ýyldan gowrak sport žurnalistikasyny hemra edinen Amanmuhammet Çaryýew sport kommentatory hökmünde ilkinji reportažyny baryp-ha 1969-njy ýylyň 14-nji maýynda alyp barypdy. Şonda onuň halypalarynyň ak patasyny alyp, teswirlän ilkinji oýny Aşgabadyň «Stroitel» we Bişkegiň «Alga» toparlarynyň arasyndaky duşuşyga gabat gelipdi. Ýaşdygyna garamazdan, şol gezekki teswirlemesi bu ugurda «köp çorba sowadan» hünärmenleriň ýokary bahasyna mynasyp bolupdy. Amanmuhammet aga hut şu toparlaryň arasynda geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başlarynda geçirilen oýny hem ýatlamagy gowy görerdi.
Halypa žurnalist bu barada: «Şol oýun hiç ýadymdan çykmaz. 1991-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Aşgabadyň «Köpetdag» we Bişkegiň «Algasynyň» arasyndaky oýny teswirläpdim. Şol gün «Köpetdag» garşydaşyny 2:0 hasabynda ýeňip, 12 ýyldan soň, SSSR-iň çempionatynyň 1-nji ligasynda çykyş etmäge hukuk gazanypdy. Ýöne soňlugy bilen GDA-nyň çäklerinde bitewi bir futbol ýaryşyny guramak baradaky gürrüňler goldaw tapmandy. Emma şol üstünligiň weli uzak wagtlap täsirinden çykyp bilmändik» diýip, sport žurnalisti Hojaberdi Apbaýewe teswir berende ýatlap geçipdi.
«Aslynda sport teswirleýjileri täsirinden çykyp bolmaýan oýunlar bilen ýaşaýar» diýip bellän Amanmuhammet aga «Köpetdagyň» Aziýanyň Kubok eýeleriniň kubogy ugrundaky bäsleşiginiň ýarym finalynda oýnap, türkmen futboly hakynda ýakymly ýatlama galdyrandygyny köp ýatlardy.
Ol bu barada: «1998-nji ýylyň aprel aýynda Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäheriniň merkezi stadionynda Aziýa döwletleriniň kubogyny eýelän toparlaryň arasyndaky ýarym final duşuşygy geçirilipdi. Şonda iki oýun üçin şertnama baglaşyp, bolgariýaly dünýä belli oýunçyHristo Stoiçkowy garşydaşymyzyň kärendesine alandygyny-da ýatlasym gelýär. Sebäbi, «Köpetdag» bilen geçirilen oýunda ol öz toparyna ýeňiş getiren pökgini geçirenem bolsa 11 metrlik urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmändi.Has dogrusy, derwezeçimiz ÝewgeniýNaboýçenko onuň urgusyny yzyna gaýtarmagy başarypdy» diýip ýatlardy.
Halypa žurnalistimiz häzirki wagtda ýurdumyzda žurnalistleri, şol sanda halkara žurnalistlerini taýýarlamak boýunça tutumly işleriň geçirilip ugralandygy bilen bagly begenjini paýlaşardy. Ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň geriminiň juda giňligi bilen özüne çekýändigini dile getirerdi: «Dogrusyny aýtsak, şu geçen ýyllaryň dowamynda häzirki ýaly galkynyşyň möwç uran mahaly ýadyma düşmeýär. Ýadyma düşmezem. Sebäbi hiç haçan şu döwürdäki ýaly sporta çynlakaý üns berlen mahaly bolmandy. Indi sport çärelerini ýokary derejede teswirlemegi başarjak hünärmenleritaýýarlamak meselesi öňe çykýar. Özem halkara ýaryşlarynyňam hatarynyň artýandygy bu işe has töwerekleýin çemeleşilmegini talap edýär.Hut şoňa görä-de, häzirki wagtda ýurdumyzda žurnalistlerem, sport žurnalistlerem taýýarlanylýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň gaty uzaklary nazarlaýan tutumlara badalga berýändiginiň güwäsidir».
Onuň ýatlamalarynyň birinde: «1993-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Italiýanyň Karrara şäherinde ilkinji gezek geçirilen «Mermer kubogy» atly halkara ýaryşyna gatnaşdy. Şonda wekiliýetiň düzümine sport kommentatory hökmünde meni hem goşdular... Oýunlaryň ýok günleri şähere özbaşdak syýahat eden wagtymyz hiç kim bilen düşünişip bilmän kösenendigimiz ýadyma düşýär. Onsoň her kim rusça, iňlisçe, italýança bilýän sözlerini dürüşde edip, gepini düşündirmäge çalyşýardy. Bu günki gün ýurdumyzda halkara ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilmegi daşary ýurt dillerini öwrenmäge-de uly itergi berýär» diýmegi hem halypa žurnalistiň bu ugra uly üns berilýändigine biçak begenendigini görkezýär.
Mundan başga-da, ýurtlaryň onlarçasynda bolan Amanmuhammet aga türkmen milli sazlarynyň, garaz, ata Watanymyz bilen bagly täsirleriň oýunçylarymyza oňyn täsir edýändigini aýratyn bellärdi: «Italiýada geçirilen «Mermer kubogy» atly halkara ýaryşynyň ertesi bizi Florensiýa, Piza şäherlerine alyp gitdiler. Oglanlar, ýadaw bolansoňlar, awtobusyň içinde-de mylaýym italýan sazynyň täsiri astynda ýarym ukuda meýmiräp ýatyrdylar. Awtobus Florensiýa şäherine giriberende ýanym bilen alyp baran kassetamy sürüjä berip, şony eşitdirmegini haýyş etdim. Şonda ilkinji ýaňlanan aýdym Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowanyň ýerine ýetirmeginde «Gaşly ýar» atly halk aýdymy bolupdy. Şol pursat oglanlar oýanyp, begençlerine el çarpyp başladylar. Olar Watandan alysda bolsalaram, özlerini Türkmenistanda ýaly duýdular. Şeýle duýgyny diňe ol ýerlerde bolanyňda başdan geçirip bolýar».
Baýry žurnalistimiz degişgen adam bolupdy. Öňki soýuzyň çäginde türkmeniň Ozerowy (russiýaly belli kommentator Nikolaý Ozerow, 1922 – 1997 ý.ý.) diýlip tanalýan Amanmuhammet aga futbol duşuşyklaryny göni ýaýlymda alyp baranda janköýerleriň islendigi onuň bilen özüni köne tanyş ýaly duýardy. Onuň şeýle bolmagynda zehinli kommentatoryň alyp barýan futbol duşuşyklarynyň arasynda degişme äheňindäki gürrüňleriniň orny uludy.
Halypa žurnalistimiz Goçnazar Heşdekow – Amanmuhammet Çaryýew bilen köp pikir alşan, onuň bilen daşary ýurtlaryň birnäçesine bile giden hünärmen. Onuň gürrüň bermegine görä, geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başlaryna paýtagtyň «Köpetdagy» bilen AFK-nyň Çempionlar ligasynyň Pawlodarda «Irtyşyň» (Gazagystan) soň, Gorgandepäniň «Wahşynyň» (Täjigistan) geçirilen duşuşyklary baradaky gürrüňlerinde Amanmuhammet aganyň ýokary teswirleýjilik ussatlygy, onuň her bir oýun pursadyna baha bermek, iň esasy hem, ene dilimizi suwara bilip, öz şiresi bilen janköýerlere ýetirmek başarnygy baradaky söhbetler aýratyn orun eýeleýär. Onuň gürrüň bermegine görä, Gorgandepede bolan duşuşykdan soňky dabarada eden çykyşynda belli täjik teswirleýjisi Amanmuhammet Çaryýewi «türkmeniň Ozerowyna» deňemek bilen, onuň teswirleýjilik sungatyna ýokary baha beripdir. Iki türkmen žurnalistiniň Pawlodarda bolan oýnuň ykbalyna ýetiren täsirleri hakyndaky hakykat hem ýatlamalarda aýratyn orun eýeleýär...
Amanmuhammet aga halypasy Işan Garaýewden bu ugurda köp zatlary öwrenendigini ýatlamagy gowy görerdi: «Meniň halypalarymyň biri Işan Garaýew hem gaty wäşi adamdy. Bir gezek futbol oýnunyň arakesmesinde ol meni ýanyna çagyryp, Amanmuhammet, şu Boris Ýakimenkonyň reportaž alyp barýan ýeri radio, emma her ýalňyşanda: «Bagyşlaň, radiodiňleýjiler» - diýýär weli, onuň ýalňyşanyny görýän ýok ahyry diýeni ýadymda galypdyr. Onuň başga-da şunuň ýaly degişmeli gürrüňleri köpdi. Ine, şol halypam hem meniň futbol duşuşyklaryny teswirlemegimiň ugruny kesgitläpdi».
Umuman, Amanmuhammet Çaryýew hakynda näçe ýatlasaň ýatlap oturmaly. Onuň türkmen žurnalistikasynda özboluşlylygy, tutanýerliligi, hiç kesiňkä meňzemeýän reportažlary bu günki gün ýaş kommentatorlara ýolgörkeziji bolup hyzmat edýär.
Orazgeldi GELDIÝEW.
Çeşme: «Türkmen sporty» gazeti, 16.01.2021 ý.