Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Awtoulagyňyz üçin gerekli şaýlary ussatlyk bilen nädip saýlamaly?

0
51799

Awtoulagy satyn alyp, onuň her bir eýesi salondan ýa-da elden satyn alandygyna garamazdan abatlaýyş işleri üçin şaýlary nireden almalydygy barada pikirlenmeli bolýar. Häzirki wagtda özi toplumlaýyn ýa-da satuw boýunça firma bazarlarda saýlawyň giň meýdanynyň barlygy belli bir derejede kynçylyk döredýär. Bu makalada awtoulag üçin gerekli şaýlary nädip amatly we çalt ussatlyk bilen saýlamalydygyny özara alyp maslahatlaşalyň.

Şaýlaryň awtomobil gurluşyk zawodynyň nyşany bar bolan, ýagny asyl nusgaly we garaşsyz kärhanalar tarapyndan öndürilýän original şaýlara meňzeş original däl we üçünjiden ulanylan awtoşaýlar görnüşiniň bolýandygyndan başlalyň.

Asyl nusgaly/original şaýlar beýlekilerden tapawutlylykda örän gymmat bolýar, ýöne hil standartyna laýyk gelýär. 

Asyl nusga bolmadyk/original däl şaýlary hem öndürijiniň, hem gaplaýjylaryň markasy bilen öndürilip bilner. Şeýle şaýlaryň hili tapawutlanýar, we, kada boýunça, ulanylan  inomarkalary ýa-da täze awtoulaglar üçin eýeleri özleri üçin original şaýlary saýlaýarlar. 

Saýlawyň dowamynda ätiýaç şaýlaryň öndürilen ýeri wajyp ähmiýete eýe bolýar. Biziň bazarymyzda awtoşaýlaryň amatly dükanlarynyň köpüsi hereket edýär, mysal üçin, “Lemforder” dükany, ol Mercedes-Benz, BMW, Audi, Volkswagen ýaly nemes awtoulaglary üçin niýetlenen awtoşaýlaryň giň görnüşini hödürleýär. Bu dükan Türkmenistanyň bazarynda 10 ýyldan bäri hereket edýär. Özünde bar bolan şaýlardan başga-da, dükan gönüden-göni Hengs filter, Mahle, Bosch, Zf, Elring, Corteco, Meyle, Textar, Brembo, Osram, Ctr ýaly kärhanalardan getirilýän ýokary hilli we asyl nusgaly original harytlary sargama hyzmaty hem ýerine ýetirýär. 

Awtoşaýlaryň hilini özbaşdak nädip saýlamaly?

Asyl nusgaly şaýlar, olara meňzeşler ýa-da galplaşdyrmasy – bularyň ählisi kim tarapyndan we nirede öndürilendigine bagly bolup durýar. 

  • Meňzeş şaýlar original şaýlary öndürijileriň razylygy esasynda öndürilýär. Şeýle ýagdaýda günbatar awtoulaglary üçin niýetlenen awtoşaýlary hil taýdan meňzeş edip öndürilýär diýseň hem bolýar.
  • Galplaşdyrylan şaýlary şertleýin “hytaý” diýip atlandyrylýar we köplenç halatda olary original hasaplaýarlar, ýöne olarda öndürijiniň belligi we firmanyň gaplamasy goýulmaýar, bu şaýyň häsiýetnamasy berlen belligi bolmaýar. 

Şu aýdylanlara esaslanyp, awtoşaýlaryň satuw boýunça ynamly nokada ýüz tutmaly diýen netijäni çykarmak bolar, muňa “Lemforder” dükanyny mysal hökmünde getirmek bolar, we awtoulaglaryň abatlaýyş işleri üçin zerur şaýlaryň hiline hemişe ynanyp bilersiňiz. Bu bolsa örän wajypdyr, esasan hem awtoulagyň eýesi onuň abatlaýyş işlerini öz eli bilen ýerine ýetirende.  

Şaýlaryň haýsysyny saýlamak ýerlikli bolar?

  • Asyl nusgaly/original şaýlar – şaýlaryň bu görnüşinden köplenç täze awtoulaglaryň we toplumlaýjylarda tygşytlamaýan abraýly markalaryň eýeleri peýdalanýarlar. Eger-de awtoulag eýýäm birnäçe müň kilometr aralygy geçen bolsa, original şaýy satyn almak awtoulagyň bahasyna deň bolup biler. Awtoulag eýesiniň täze şaýa býujet ýagdaýy bolmadyk ýagdaýynda, original däl öndürijileriň şaýyny alyp biler.  
  • Meňzeş şaýlar – bu hökmany Hytaý önümçiligi diýildigi däldir. Awtomobil üçin hem ispan, italýan we beýleki öndürijileriň şaýlaryny göwnejaý bahadan satyn almak mümkindir. Ýöne satyn almakda esasy ünsi gerek bolan şaýyň haýsy kärhana tarapyndan öndürilendigine üns bermelidir. Şeýle önümleriň otrisatel taraplary hem bardyr – meňzeş inomarka şaýlary başdaky ýerine ýerleşdirilen ýagdaýynda oňaýsyz ýagdaý döredip biler. Birleşdirmeleriň, jaýryklaryň, deşikleriň we ş.m. deň gelmezligi hem mümkindir. Şeýle ýagdaýda şaýy laýyk getirmeli bolýar, bu bolsa birnäçe wagta çekýär. 
  • Ulanylan şaýlar – bu ýagdaýda awto bazara baryp, meňzeş ulagdan sökülen şaýlardan özbaşdak almak mümkindir, ýöne bu ýerde-de birnäçe kemçilikler bar: şaý öň abatlaýyş işlerine sezewar bolan bolmagy, uzak wagtlap ulanylmany reňkler bilen şowly gizlenilmegi ahmal. Umuman, asyl nusgaly original şaýy gowy ýagdaýda satyn almak mümkinçiligi hem aradan aýrylmaýar.

Netijede, jemleýji pikir ýene-de awtoulagyň eýesine galýar, ýöne täze awtoulagyň şaýlaryny satyn almakda tygşytlamak ýerlikli däl we awtoşaýlary dükanyny saýlanda wagt we hil barlagyny geçen ynamly dükanlara ýüzlenmek maslahat berilýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar