Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-Türk Paýdarlar täjirçilik banky

1
127913
Salgysy:
744000, Ашхабад, проспект Махтумкули, 111/2
Telefon belgiňiz:
+993 12 93-83-62, +993 12 93-83-47
Pocta:
info@turkmenturkbank.com
Web adres:
www.turkmenturkbank.com.tm
Soňky täzelenme:

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň bank ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça banklaryň öňünde goýan wezipelerinden ugur alyp işjeňligini amala aşyrýan Türkmen-Türk Paýdarlar täjirçilik banky, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda 1992-nji ýylyň Maý aýynyň 2-sine gol çekilen Döwletara Memorandumyna laýyklykda, Türkmenistanyň çäklerindäki daşary ýurt maýa goýumly ilkinji bilelikdäki bank hökmünde, 1993-nji ýylyň Mart aýynyň 31-ine döredildi.

Bankyň döredijileri: Türkmenistan tarapyndan – Türkmenistanyň “Agrosenagatbanky” (häzirki Türkmenistanyň “Daýhanbank” Döwlet Täjirçilik Banky) we Türkiýe Respublikasy tarapyndan – T.R. Ziraat Banky A.Ş.-dir.

Şeýlelikde, Türkmen-Türk Paýdarlar täjirçilik banky Türkmenistanyň “Daýhanbank” Döwlet Täjirçilik Banky bilen Türkiýe Respublikasynyň Ziraat Banky A.Ş.-niň tarapyndan 50 % derejesinde deň paýlary bilen ýapyk kysymly paýdarlar jemgyýeti görnüşinde döredilen we Türkmenistanyň bitewi bank ulgamyna girýän köp ugurly bank edarasydyr. Bankyň Türkmenistanyň töleg serişdesinde karz-hasaplaşyk we beýleki amallary geçirmeklige hukuk berýän Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan 2003-nji ýylyň Baýdak aýynyň 20-sine berlen Ygtyýarnamasy, şeýle hem Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda bank amallaryny daşary ýurt pulunda geçirmeklige hukuk berýän Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan 2003-nji ýylyň Fewral aýynyň 20-sine berlen Baş Ygtyýarnamasy bardyr.


Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler