Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk konsert

0
29768
Salgysy:
Парк культуры и отдыха «Ашхабад»
Soňky täzelenme:

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilelikde taýýarlamagynda “AŞGABAT” seýilgähinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçiriljek «Zemine ýaň salsyn çaga gülküsi» atly aýdym-sazly baýramçylyk konserdi geçirilýär. Çagalar üçin geçiljek konsertde aýdymlar, oýunlar, tanslar hem-de belli türkmen hem daşary ýurt ertekilerden we multifilimlerinden sorag-jogaplar bolar. Soraglara jaogap beren çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşurylar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler