Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

2022ý. - Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň gutardyş synplarynda türkmen dilinden we edebiýatdan düzme üçin hödürlenilýän temalar

0
21316
Soňky täzelenme:

I ERKIN TEMALAR

1. Eziz Watanymyz — bagtyýarlygyň mekany.

2. Garaşsyz Watanym diller senasy.

3. Halkyň Arkadagly zamanasy.

4. Bilim — rowaçlygyň açary.

5. Parla, ýaşyl Baýdagym!

6. Ýagşy ene — ýagşy gyza görelde.

7. Ene dilim — döwlet dilim.

8. Saglygym — baýlygym.

9. Dünýä dolan bedew atym, wepaly alabaý iti.

10. Sport we bedenterbiýe — sagdyn durmuşyň girewi.

11. Halk gahrymanlaryny unutmaýar.

12. Batly gadamlaryň rowaç bolsun, Watanym!

13. Maşgalam — baş galam.

14. Türkmen halysy — milli guwanjym.

15. Beýik Ýüpek ýoly — parahatçylygyň ýoly.

16. ХХI asyr — tehnologiýalaryň asyry.

17. Ak mermerli Aşgabat.

18. Meniň milli mirasa garaýşym.

19. Gözel ülkämiň tebigaty.

20. Kitap meniň dostum.

21. Men Watanyň esgeri!

22. Geljege barýan ýollaryň binýady.

23. Meniň halaýan kärim.

24. Meniň söýgüli şahyrym.

II TÜRKMEN EDEBIÝATY BOÝUNÇA TEMALAR

25. Şahyrana türkmen halk döredijiliginde watançylygyň waspy.

26. «Oguznamada» oguzlaryň — türkmenleriň taryhy geçmişiniň çeper beýany.

27. Görogly — türkmen halkynyň milli gahrymany.

28. Ýusup Balasagunlynyň “Bilimnama” eseri we onuň ähmiýeti.

29. Garajaoglanyň şygryýetinde Watana, il-güne bolan päk söýginiň beýany.

30. «Şasenem-Garyp» dessanynda Garybyň keşbi.

31. «Nejep oglan» dessanynda türkmen milli aýdym-sazyna goýulýan sarpa.

32. Nurmuhammet Andalybyň «Leýli-Mejnun» dessanynda gahrymanlaryň çeper keşbi.

33. Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy — Azat» poemasynyň çeper mazmuny.

34. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde öwüt-nesihat.

35. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary — Watany söýmegiň belent nusgasy.

36. Ýunus Emräniň döredijiliginde ynsan ömrüniň beýany.

37. Muhammet Baýram hanyň döredijiliginde yşk-söýgi temasy.

38. Abdylla Şabendäniň goşgularynda ahlak meselesiniň goýluşy.

39. Şeýdaýynyň döredijiliginde türkmeniň taryhy.

40. Mahmyt Gaýybynyň «Otuz iki tohum kyssasy» eseriniň çeper mazmuny.

41. Gurbanaly Magrupy — dessançy şahyr.

42. XIX asyr türkmen edebiýatynda watançylyk we gahrymançylyk temasy.

43. Mämmetweli Keminäniň durmuşy goşgularynda ynsan keşbi.

44. Seýitnazar Seýdiniň goşgularynda watançylyk we harby-gahrymançylyk.

45. Gurbandurdy Zelili — watançy şahyr.

46. Mollanepes — yşk mülküniň şasy.

47. Mollanepesiň «Zöhre-Tahyr» dessanynda söýgi we ahlak.

48. Annagylyç Mätäji — gözelligiň waspçysy.

49. Abdysetdar Kazynyň “Jeňnama” poemasynyň taryhy esasy.

50. Berdinazar Hudaýnazarowyň döredijiliginde ahlak meselesi.

51. Aman Kekilowyň «Söýgi» romanynda Ogulnabadyň çeper keşbi.

52. Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romanynda Aýnanyň keşbi.

53. Hydyr Derýaýewiň «Ykbal» romanynda Uzugyň keşbi.

54. Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» powestinde dutaryň gudratynyň suratlandyrylyşy.

55. Ata Gowşudowyň «Perman» romanynda taryhy hakykat.

56. Beki Seýtäkowyň «Doganlar» romanynda gozgalýan meseleler.

57. Ata Atajanowyň «Teke gyzy Tatýana» romanynda Artykgülüň çeper keşbi.

58. Gara Seýitliýew — ussat şahyr.

59. Kerim Gurbannepesowyň «Gumdan tapylan ýürek» poemasy.

60. Hajy Ysmaýylowyň «Mugallymyň gyzy» powestinde ylym-bilim meselesiniň öňe sürülmegi.

61. Naryman Jumaýewiň «Ýuwaş gelin» powestinde millilik.

62. Gurbannazar Ezizowyň goşgularynda gözel tebigatymyzyň çeper waspy.

63. Annaberdi Agabaýewiň döredijiliginde uruş we parahatçylyk temasy.

64. Çingiz Aýtmatowyň «Ilkinji mugallym» powestinde mugallyma hormat.

65. Wasiliý Ýanyň «Çingiz han» romanynda türkmen serkerdesi Jelaleddiniň edermenligi.

 

III GARAŞSYZLYK EÝÝAMYNYŇ EDEBIÝATY BOÝUNÇA TEMALAR

 

66. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Älem içre at gezer» romanynyň taryhy-dokumental esasy.

67. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Älem içre at gezer» romanynda watançy mugallym Berdimuhamet Annaýewiň çeper keşbi.

68. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet guşy» romanynda ýetginjek Mälikgulynyň çeper keşbi.

69. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet guşy» romanynda türkmeniň döwletlilik ýörelgeleri.

70. Garaşsyzlyk eýýamynyň şygryýetinde milli äheňler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler