Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk instituty

0
55106
Salgysy:
г.Туркменабат, ул. Шабенде, 7.
Telefon belgiňiz:
3- 25-50, 3-04-18.
Soňky täzelenme:

Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk instituty 2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

  1. Bilim we pedagogika ylymlary (hünärler: matematika we informatika; fizika we informatika; himiýa; başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy; mekdebe çenli bilim we terbiýe).

II. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):

  1. Bilim we pedagogika ylymlary (taýýarlygyň ugurlary: başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy; mekdebe çenli bilim we terbiýe).

III. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

  1. Bilim we pedagogika ylymlary (hünärler: biologiýa; geografiýa; taryh; türkmen dili we edebiýaty; daşary ýurt dili we edebiýaty (rus dili we edebiýaty); daşary ýurt dili we edebiýaty (iňlis dili we edebiýaty); daşary ýurt dilleri we edebiýaty (hytaý dili we edebiýaty, iňlis dili); daşary ýurt dilleri we edebiýaty (nemes dili we edebiýaty, iňlis dili); daşary ýurt dilleri we edebiýaty (pars dili we edebiýaty, iňlis dili); zähmet we tehnologiýalaryň esaslary).
  2. Bedenterbiýe we sport (hünär: bedenterbiýe).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Lebap, Mary, Daşoguz welaýatlarynyň merkezlerinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • pasportyny;
  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Türkmenabat şäheri) we Daşoguz, Mary welaýatlarynyň merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

  • Daşoguz welaýaty — iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 1-i we 2-si günleri;
  • Mary welaýaty — awgust aýynyň 4-5-i, 6-sy we 7-si günleri;
  • Lebap welaýaty — awgust aýynyň 9-10-11-i, 12-13-i we 14-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünär: matematika we informatika — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: fizika we informatika — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: himiýa — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: biologiýa — biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: geografiýa — geografiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: taryh — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş;

taýýarlygyň ugurlary (hünärler): başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy; mekdebe çenli bilim we terbiýe; — türkmen dili we edebiýaty, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: türkmen dili we edebiýaty — türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;

hünär: daşary ýurt dili we edebiýaty (rus dili we edebiýaty) — rus dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: daşary ýurt dili we edebiýaty (iňlis dili we edebiýaty) — iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: daşary ýurt dilleri we edebiýaty (hytaý dili we edebiýaty, iňlis dili); daşary ýurt dilleri we edebiýaty (nemes dili we edebiýaty, iňlis dili); daşary ýurt dilleri we edebiýaty (pars dili we edebiýaty, iňlis dili) — saýlap alan hünär dili boýunça ýa-da iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.

hünär: zähmet we tehnologiýalaryň esaslary — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: bedenterbiýe — umumy fiziki taýýarlygyň tassyklanan möçbernamasyny ýerine ýetirmek, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil boýunça geçirilýän derslerden başga ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:

  • mugallymçylyk mekdebini tamamlan we mugallymçylyk ugrundan 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar;
  • orta sport mekdebini tamamlan ýokary derejeli türgenler (bedenterbiýe hünärine girilen halatynda);
  • 2018 — 2022-nji ýyllarda geçirilen halkara ýaryşlaryň ýeňijileri (bedenterbiýe hünärine girilen halatynda);
  • 2018 — 2022-nji ýyllarda sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary (bedenterbiýe hünärine girilen halatynda);
  • “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň salgysy:Türkmenabat ş., Şabende köçesi, 7; tel.: 3-25-50; 3-04-18.

 

 

DALAŞGÄRLERIŇ DYKGATYNA!

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine 2022-nji ýylda okuwa girmäge isleg bildirýänleriň saglygy goraýyş barlaglary 2022-nji ýylyň 11-nji iýulyndan 13-nji awgusty aralygynda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň şu aşakdaky saglyk öýlerinde geçiriler.

 

Aşgabat ş.

  • Aşgabat şäher Talyplar saglyk öýi: Aşgabat ş., Görogly köçesiniň 82-nji jaýy, tel.: 36-87-50; 36-87-51;
  • Aşgabat şäher 1-nji saglyk öýi: Aşgabat ş., Parahat-1 ýaşaýyş toplumy, 2-nji jaý, tel.: 45-08-99; 46-53-50;
  • Aşgabat şäher 15-nji saglyk öýi: Aşgabat ş., Ankara köçesiniň 121-nji jaýy, tel.: 47-84-80; 47-84-88.

 

Ahal welaýaty

  • Aşgabat şäher 9-njy saglyk öýi: Aşgabat ş., 1934-nji (Bamako) köçesiniň 34-nji jaýy, tel.: 26-03-11, 26-03-80;
  • Gökdepe etrap köpugurly hassahana: Gökdepe ş., Magtymguly şaýolunyň 55-nji jaýy, tel.: (800132) 4-70-01, 4-70-02;
  • Kaka etrap hassahanasy: Kaka ş., Ýüzbaşy köçesiniň 59-njy jaýy, tel.: (800133) 45-4-11, 32-5-10;
  • Tejen şäher hassahanasy: Tejen ş., D.Gulmyradow köçesiniň 1-nji jaýy; tel.: (800135) 4-23-23, 4-20-25;
  • Tejen şäher hassahanasynyň keseli anyklaýyş we maslahat beriş bölümi: Tejen ş., Magtymguly köçesiniň 67-nji jaýy, tel.: (800135) 4-41-14.

 

Balkan welaýaty

  • Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi: Balkanabat ş., 189-njy ýaşaýyş jaýlar toplumy, hassahanalar şäherçesi, tel.: (800222) 5-97-02, 5-97-03, 5-97-05, 5-81-60;
  • Balkanabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi: Balkanabat ş., 137-nji ýaşaýyş jaýlar toplumy, tel.: (800222) 6-01-91, 6-03-70, 6-03-77, 6-03-78;
  • Türkmenbaşy şäher saglyk öýi: Türkmenbaşy ş., Watan köçesiniň 25-nji jaýy, tel.: (800243) 2-60-09, 2-21-36, 2-48-11;
  • Hazar şäher hassahanasy: Hazar ş., 33-nji ýaşaýyş toplumy, tel.: (800240) 2-40-30, 2-43-00;
  • Gumdag şäher hassahanasy: Gumdag ş., A.Meňliýew köçesiniň 25-nji jaýy, tel.: (800241) 4-11-43, 4-11-91;
  • Türkmenbaşy etrap hassahanasy: Türkmenbaşy ş., Magtymguly köçesiniň 2a jaýy, tel.: (800243) 7-92-45, 7-91-45, 7-92-93, 7-95-08;
  • Serdar etrap hassahanasy: Serdar ş., Ö.Gylyçmämmedow köçesiniň 2-nji jaýy, tel.: (800246) 7-21-79, 7-21-58, 7-80-08, 7-20-98;
  • Bereket etrap hassahanasy: Bereket ş., Garagum köçesiniň 23-nji jaýy, tel.: (800247) 3-30-47, 3-30-22, 3-30-48, 3-30-49;
  • Magtymguly etrap hassahanasy: Magtymguly ş., Durdyhan Ýanyk köçesiniň 2-nji jaýy, tel.: (800248) 4-04-17, 4-04-26, 4-06-59;
  • Etrek etrap hassahanasy: Etrek ş., Garagum köçesiniň 13-nji jaýy, tel.: (800242) 4-01-39, 4-01-84;
  • Esenguly etrap hassahanasy: Esenguly ş., 4-nji köçesiniň 1-nji kiçi etrapçasynyň 248-nji jaýy, tel.: (800245) 3-00-75, 3-06-00, 3-01-20, 3-01-24, 3-01-18.

 

Daşoguz welaýaty

  • Daşoguz şäher 1-nji saglyk öýi: Daşoguz ş., Şamçyrag köçesiniň 26-njy jaýy, tel.: (800322) 2-48-25, 2-56-83;
  • Daşoguz şäher 2-nji saglyk öýi: Daşoguz ş., Gurbansoltan eje köçesiniň 24-nji jaýy, tel.: (800322) 6-01-61, 6-07-56;
  • Daşoguz şäher 3-nji saglyk öýi: Daşoguz ş., Merkez-3 ýaşaýyş toplumynyň 15-nji jaýy, tel.: (800322) 7-03-20, 9-28-10;
  • Köneürgenç etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi: Köneürgenç ş., G.Atabaýew köçesiniň 47-nji jaýy, tel.: (800347) 31-6-02, 32-3-37, 31-9-63;
  • Gurbansoltan eje adyndaky etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi: Gurbansoltan eje adyndaky ş., Andalyp köçesiniň 21-nji jaýy, tel.:(800343) 3-15-81, 3-03-50, 3-15-71.

 

Lebap welaýaty

  • Türkmenabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi: Türkmenabat ş., Zynhary köçesiniň 31-nji jaýy, tel.: (800422) 7-12-35, 7-16-71, 7-06-76;
  • Türkmenabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi: Türkmenabat ş., 3-nji kwartal, tel.: (800422) 2-33-06, 2-52-83, 2-59-02;
  • Türkmenabat şäheriniň 3-nji saglyk öýi: Türkmenabat ş., Lebap şosse 3/1 jaý, tel.: (800422) 9-25-74, 2-10-96, 9-28-90, 2-04-93, 9-01-59;
  • Türkmenabat şäheriniň 4-nji saglyk öýi: Türkmenabat ş., Mukaddes Ruhnama köçesi, tel.: (800422) 6-82-23, 6-99-83, 6-90-56;
  • Türkmenabat şäheriniň 5-nji saglyk öýi: Türkmenabat ş., Magtymguly köçesiniň 113a jaýy, tel.: (800422) 3-50-59, 3-77-60, 3-82-52, 3-63-73, 3-78-77, 3-50-70;
  • Kerki etrap hassahanasy: Kerki ş., S.Nyýazow köçesiniň 137-nji jaýy, tel.: (800444) 2-03-22, 2-00-03, 2-50-65, 2-55-90;
  • Dänew etrap hassahanasy: Dänew ş., S.Nyýazow köçesiniň 71-nji jaýy, tel.: (800422) 2-03-46, 2-04-59, 2-06-03, 2-06-29, 2-25-03.

 

Mary welaýaty

  • Mary şäher 1-nji saglyk öýi: Mary ş., Oguzhan köçesiniň 29-njy jaýy, tel.: (800 522) 5-03-74, 5-17-42;
  • Mary şäher 3-nji saglyk öýi: Mary ş., Bitaraplyk köçesiniň 32-nji jaýy, tel.: (800 522) 5-26-81, 5-28-58;
  • Ýolöten etrap hassahanasy: Ýolöten ş., Atçapar köçesiniň 62-nji jaýy, tel.: (800 560) 6-55-23, 6-50-67;
  • Sakarçäge etrap hassahanasy: Sakarçäge ş., G.Baýnazarow adyndaky  köçesiniň 3-nji jaýy, tel.: (800 522) 6-01-75, (800566) 5-30-42;
  • Tagtabazar etrap hassahanasy: Tagtabazar ş., Lukman – Hekim köçesiniň 10-njy jaýy, tel.: (800 568) 5-23-58, 5-11-07;
  • Mary etrap hassahanasy: Mary ş., Nury Halmämmedow köçesiniň 4-nji jaýy, tel.: (800 522) 5-44-92;
  • Wekilbazar etrap hassahanasy: Wekilbazar ş., Dostluk köçesiniň 8-nji jaýy, tel.: (800 558) 6-60-21, 6-60-92;
  • Murgap etrap hassahanasy: Murgap şäheri, Parahat köçesi, 33-nji jaý. tel.: (800 522) 6-05-64, (800 565) 4-19-36;
  • Türkmengala etrap hassahanasy: Türkmengala şäheri, Bitaraplyk köçesi, 28-nji jaýy. tel.: (800569) 3-18-27, 3-12-94; 
  • Garagum etrap hassahanasy: Garagum etrap, Ýagtyýol şäherçesi, Atabaýew köçesi, 3-nji jaý. tel.: (800557) 4-03-01, 4-03-03.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler