Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty

0
71219
Salgysy:
г. Ашхабад, ул. Баба Аннанова, 136.
Telefon belgiňiz:
28-18-86; 28-18-04.
Soňky täzelenme:

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy:

  1. Binagärlik (hünärler: binagärlik; şähergurluşyk we ilatly ýerleri meýilleşdirmek; binagärlik gurşawynyň dizaýny);
  2. Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary (hünärler: senagat we raýat jaý gurluşygy; ýylylyk, gaz üpjünçiligi we howa çalşygy; suw üpjünçiligi, ulanylan suwlary akdyryş we suw gorlaryny goramak; awtomobil ýollarynyň we uçuş meýdançalarynyň gurluşygy; gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek; köprüler we ulag tonnelleri; şäher gurluşygy; amaly geodeziýa);
  3. Elektro we ýylylyk energetikasy (hünärler: elektrik üpjünçiligi; senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy);
  4. Maşyngurluşyk (hünärler: önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy; göteriji-äkidiji, gurluşyk, ýol maşynlary we enjamlary; himiýa önümçiliginiň we gurluşyk materiallary kärhanalarynyň maşynlary we apparatlary);
  5. Himiýa tehnologiýalary (hünärler: organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy; eremesi kyn metal däl we silikat materiallarynyň himiki tehnologiýasy; aýnanyň we sitallaryň himiki tehnologiýasy);
  6. Materiallaryň tehnologiýalary (hünär: metallary basyş bilen işläp taýýarlamak).

II. Bakalawr maksatnamasy:

  1. Ýeri öwreniş ylymlary (taýýarlygyň ugry: kartografiýa we geoinformatika);
  2. Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary (taýýarlygyň ugry: gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy);
  3. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugurlary: maglumat we kommunikasiýa tehnologiýasy; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi; maglumat-ölçeýiş tehnikasy we tehnologiýasy);
  4. Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary (taýýarlygyň ugurlary: mikroelektronika we ýarym geçiriji abzallar; senagat elektronikasy);
  5. Himiýa tehnologiýalary (taýýarlygyň ugry: himiýa tehnologiýasy);
  6. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: ykdysadyýet we dolandyryş; kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy (senagat pudagynda); logistika (senagat pudagynda)).

Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • pasportyny;
  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

  • Mary welaýaty — iýul aýynyň 27-28-i, 29-y we 30-y günleri;
  • Lebap welaýaty — awgust aýynyň 1-i, 2-si we 3-i günleri;
  • Ahal welaýaty — awgust aýynyň 5-6-sy, 7-si we 8-i günleri;
  • Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 10-11-i, 12-si we 13-i günleri;
  • Balkan welaýaty — awgust aýynyň 15-i, 16-sy we 17-si günleri;
  • Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 19-y, 20-si we 21-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

binagärlik ugruna degişli hünärler boýunça — surat we grafika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary; elektro we ýylylyk energetikasy; maşyngurluşyk; materiallaryň tehnologiýalary ugurlaryna degişli hünärler, informatika we hasaplaýyş tehnikasy; ýeri öwreniş ylymlary; gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary; elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary; ykdysadyýet we dolandyryş ugurlaryna degişli taýýarlygyň ugurlary boýunça — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

himiýa tehnologiýalary ugruna degişli hünärler we taýýarlygyň ugurlary boýunça — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Baba Annanow köçesi, 136, tel.: 28-18-86, 28-18-04.

 

 

DALAŞGÄRLERIŇ DYKGATYNA!

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine 2022-nji ýylda okuwa girmäge isleg bildirýänleriň saglygy goraýyş barlaglary 2022-nji ýylyň 11-nji iýulyndan 13-nji awgusty aralygynda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň şu aşakdaky saglyk öýlerinde geçiriler.

 

Aşgabat ş.

  • Aşgabat şäher Talyplar saglyk öýi: Aşgabat ş., Görogly köçesiniň 82-nji jaýy, tel.: 36-87-50; 36-87-51;
  • Aşgabat şäher 1-nji saglyk öýi: Aşgabat ş., Parahat-1 ýaşaýyş toplumy, 2-nji jaý, tel.: 45-08-99; 46-53-50;
  • Aşgabat şäher 15-nji saglyk öýi: Aşgabat ş., Ankara köçesiniň 121-nji jaýy, tel.: 47-84-80; 47-84-88.

 

Ahal welaýaty

  • Aşgabat şäher 9-njy saglyk öýi: Aşgabat ş., 1934-nji (Bamako) köçesiniň 34-nji jaýy, tel.: 26-03-11, 26-03-80;
  • Gökdepe etrap köpugurly hassahana: Gökdepe ş., Magtymguly şaýolunyň 55-nji jaýy, tel.: (800132) 4-70-01, 4-70-02;
  • Kaka etrap hassahanasy: Kaka ş., Ýüzbaşy köçesiniň 59-njy jaýy, tel.: (800133) 45-4-11, 32-5-10;
  • Tejen şäher hassahanasy: Tejen ş., D.Gulmyradow köçesiniň 1-nji jaýy; tel.: (800135) 4-23-23, 4-20-25;
  • Tejen şäher hassahanasynyň keseli anyklaýyş we maslahat beriş bölümi: Tejen ş., Magtymguly köçesiniň 67-nji jaýy, tel.: (800135) 4-41-14.

 

Balkan welaýaty

  • Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi: Balkanabat ş., 189-njy ýaşaýyş jaýlar toplumy, hassahanalar şäherçesi, tel.: (800222) 5-97-02, 5-97-03, 5-97-05, 5-81-60;
  • Balkanabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi: Balkanabat ş., 137-nji ýaşaýyş jaýlar toplumy, tel.: (800222) 6-01-91, 6-03-70, 6-03-77, 6-03-78;
  • Türkmenbaşy şäher saglyk öýi: Türkmenbaşy ş., Watan köçesiniň 25-nji jaýy, tel.: (800243) 2-60-09, 2-21-36, 2-48-11;
  • Hazar şäher hassahanasy: Hazar ş., 33-nji ýaşaýyş toplumy, tel.: (800240) 2-40-30, 2-43-00;
  • Gumdag şäher hassahanasy: Gumdag ş., A.Meňliýew köçesiniň 25-nji jaýy, tel.: (800241) 4-11-43, 4-11-91;
  • Türkmenbaşy etrap hassahanasy: Türkmenbaşy ş., Magtymguly köçesiniň 2a jaýy, tel.: (800243) 7-92-45, 7-91-45, 7-92-93, 7-95-08;
  • Serdar etrap hassahanasy: Serdar ş., Ö.Gylyçmämmedow köçesiniň 2-nji jaýy, tel.: (800246) 7-21-79, 7-21-58, 7-80-08, 7-20-98;
  • Bereket etrap hassahanasy: Bereket ş., Garagum köçesiniň 23-nji jaýy, tel.: (800247) 3-30-47, 3-30-22, 3-30-48, 3-30-49;
  • Magtymguly etrap hassahanasy: Magtymguly ş., Durdyhan Ýanyk köçesiniň 2-nji jaýy, tel.: (800248) 4-04-17, 4-04-26, 4-06-59;
  • Etrek etrap hassahanasy: Etrek ş., Garagum köçesiniň 13-nji jaýy, tel.: (800242) 4-01-39, 4-01-84;
  • Esenguly etrap hassahanasy: Esenguly ş., 4-nji köçesiniň 1-nji kiçi etrapçasynyň 248-nji jaýy, tel.: (800245) 3-00-75, 3-06-00, 3-01-20, 3-01-24, 3-01-18.

 

Daşoguz welaýaty

  • Daşoguz şäher 1-nji saglyk öýi: Daşoguz ş., Şamçyrag köçesiniň 26-njy jaýy, tel.: (800322) 2-48-25, 2-56-83;
  • Daşoguz şäher 2-nji saglyk öýi: Daşoguz ş., Gurbansoltan eje köçesiniň 24-nji jaýy, tel.: (800322) 6-01-61, 6-07-56;
  • Daşoguz şäher 3-nji saglyk öýi: Daşoguz ş., Merkez-3 ýaşaýyş toplumynyň 15-nji jaýy, tel.: (800322) 7-03-20, 9-28-10;
  • Köneürgenç etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi: Köneürgenç ş., G.Atabaýew köçesiniň 47-nji jaýy, tel.: (800347) 31-6-02, 32-3-37, 31-9-63;
  • Gurbansoltan eje adyndaky etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi: Gurbansoltan eje adyndaky ş., Andalyp köçesiniň 21-nji jaýy, tel.:(800343) 3-15-81, 3-03-50, 3-15-71.

 

Lebap welaýaty

  • Türkmenabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi: Türkmenabat ş., Zynhary köçesiniň 31-nji jaýy, tel.: (800422) 7-12-35, 7-16-71, 7-06-76;
  • Türkmenabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi: Türkmenabat ş., 3-nji kwartal, tel.: (800422) 2-33-06, 2-52-83, 2-59-02;
  • Türkmenabat şäheriniň 3-nji saglyk öýi: Türkmenabat ş., Lebap şosse 3/1 jaý, tel.: (800422) 9-25-74, 2-10-96, 9-28-90, 2-04-93, 9-01-59;
  • Türkmenabat şäheriniň 4-nji saglyk öýi: Türkmenabat ş., Mukaddes Ruhnama köçesi, tel.: (800422) 6-82-23, 6-99-83, 6-90-56;
  • Türkmenabat şäheriniň 5-nji saglyk öýi: Türkmenabat ş., Magtymguly köçesiniň 113a jaýy, tel.: (800422) 3-50-59, 3-77-60, 3-82-52, 3-63-73, 3-78-77, 3-50-70;
  • Kerki etrap hassahanasy: Kerki ş., S.Nyýazow köçesiniň 137-nji jaýy, tel.: (800444) 2-03-22, 2-00-03, 2-50-65, 2-55-90;
  • Dänew etrap hassahanasy: Dänew ş., S.Nyýazow köçesiniň 71-nji jaýy, tel.: (800422) 2-03-46, 2-04-59, 2-06-03, 2-06-29, 2-25-03.

 

Mary welaýaty

  • Mary şäher 1-nji saglyk öýi: Mary ş., Oguzhan köçesiniň 29-njy jaýy, tel.: (800 522) 5-03-74, 5-17-42;
  • Mary şäher 3-nji saglyk öýi: Mary ş., Bitaraplyk köçesiniň 32-nji jaýy, tel.: (800 522) 5-26-81, 5-28-58;
  • Ýolöten etrap hassahanasy: Ýolöten ş., Atçapar köçesiniň 62-nji jaýy, tel.: (800 560) 6-55-23, 6-50-67;
  • Sakarçäge etrap hassahanasy: Sakarçäge ş., G.Baýnazarow adyndaky  köçesiniň 3-nji jaýy, tel.: (800 522) 6-01-75, (800566) 5-30-42;
  • Tagtabazar etrap hassahanasy: Tagtabazar ş., Lukman – Hekim köçesiniň 10-njy jaýy, tel.: (800 568) 5-23-58, 5-11-07;
  • Mary etrap hassahanasy: Mary ş., Nury Halmämmedow köçesiniň 4-nji jaýy, tel.: (800 522) 5-44-92;
  • Wekilbazar etrap hassahanasy: Wekilbazar ş., Dostluk köçesiniň 8-nji jaýy, tel.: (800 558) 6-60-21, 6-60-92;
  • Murgap etrap hassahanasy: Murgap şäheri, Parahat köçesi, 33-nji jaý. tel.: (800 522) 6-05-64, (800 565) 4-19-36;
  • Türkmengala etrap hassahanasy: Türkmengala şäheri, Bitaraplyk köçesi, 28-nji jaýy. tel.: (800569) 3-18-27, 3-12-94; 
  • Garagum etrap hassahanasy: Garagum etrap, Ýagtyýol şäherçesi, Atabaýew köçesi, 3-nji jaý. tel.: (800557) 4-03-01, 4-03-03.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler