Soňky habarlar
Arhiw
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli halkara sergi geçirilýär
Türkmenistanyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde 2020-nji ýylyň 1 — 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli halkara sergini geçirýär.
Guraýjy topar Türkmenistanyň dahylly ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilermenlerini hem-de hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.
Serginiň iş wagty:
— 1-nji dekabrda Türkmenistanyň söwda toplumynyň güni;
— 2-nji dekabrda oba hojalyk toplumynyň güni;
— 3-nji dekabrda nebit-gaz toplumynyň güni;
— 4-nji dekabrda gurluşyk we senagat toplumynyň güni;
— 5-nji dekabrda ulag we aragatnaşyk toplumynyň güni;
— 6-njy dekabrda ylym, bilim, sport we saglygy goraýyş toplumynyň güni;
— 7-nji dekabrda medeniýet toplumynyň güni;
— 8-nji dekabrda ykdysadyýet we bank toplumynyň güni;
— 9-njy dekabrda kanunçylyk ulgamynyň güni;
— 10-njy dekabrda Türkmenistanyň welaýatlarynyň güni;
— 11-nji dekabrda Daşary işler ministrliginiň güni;
Sergi her gün sagat 10:00-dan 18:00-a çenli, 12-nji dekabrda — jemleýji çäreler sagat 10:00-dan 17:00-a çenli geçirilýär.
Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-88-81, 39-88-86/85/83/84/82/70/68.
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň