Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti 2024/2025-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri we bakalawrlary taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär

1
187609
Salgysy:
Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31.
Telefon belgiňiz:
94-69-90, 94-54-29.
Soňky täzelenme:

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti 2024/2025-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri we bakalawrlary taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

  • Matematika we mehanika (hünärler: matematika; amaly matematika we informatika).
  • Fizika we astronomiýa (hünärler: fizika; radiofizika we elektronika; astronomiýa).
  • Biologiýa ylymlary (hünär: biologiýa).
  • Himiýa (hünär: himiýa).
  • Ýeri öwreniş ylymlary (hünärler: geografiýa; kartografiýa; meteorologiýa; ekologiýa). 
  • Psihologiýa ylymlary (hünär: psihologiýa).
  • Taryh we arheologiýa (hünär: arheologiýa). 
  • Filosofiýa, etika we dini öwreniş (hünär: filosofiýa). 
  • Ylahyýet (hünär: ylahyýet). 
  • Syýasy ylymlar we sebiti öwreniş (hünärler: syýasaty öwreniş; gündogary öwreniş).
  • Dil bilimi we edebiýaty öwreniş (hünärler: türkmen dili we edebiýaty; iňlis dili we edebiýaty; nemes dili we edebiýaty; fransuz dili we edebiýaty; italýan dili we edebiýaty; arap dili we edebiýaty; türk dili we edebiýaty; pars dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty). 
  • Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (hünär: žurnalistika).

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda): 

  • Matematika we mehanika (hünärler: matematika; amaly matematika we informatika). 
  • Fizika we astronomiýa (hünärler: fizika; radiofizika we elektronika). 
  • Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünär: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary). 
  • Biologiýa ylymlary (hünär: biologiýa). 
  • Himiýa (hünär: himiýa). 
  • Psihologiýa ylymlary (hünär: psihologiýa). 
  • Taryh we arheologiýa (hünär: taryh). 
  • Dil bilimi we edebiýaty öwreniş (hünärler: türkmen dili we edebiýaty; iňlis dili we edebiýaty, rus dili we edebiýaty). 
  • Hukuk işi (hünär: hukuk öwreniş).

III. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda): 

  • Sosiologiýa we durmuş işi (taýýarlygyň ugry: durmuş işi).

IV. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

  • Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary (taýýarlygyň ugurlary: pedagogika bilimi (matematika we informatika); pedagogika bilimi (informatika we bilimde maglumat tehnologiýalary); pedagogika bilimi (geografiýa we ykdysadyýetiň esaslary).

Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde 2024-nji ýylyň 15 — 28-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda hünär bilimi edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

  • Aşgabat we Arkadag şäherleri —15-28 awgust;

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

  • matematika; amaly matematika we informatika; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary hünärleri we taýýarlygyň ugurlary — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;
  • fizika; radiofizika we elektronika hünärleri — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
  • biologiýa hünäri — biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;
  • himiýa hünäri — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;
  • geografiýa; ekologiýa hünärleri — geografiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;
  • kartografiýa; meteorologiýa hünärleri — geografiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
  • psihologiýa hünäri — biologiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
  • taryh; arheologiýa; gündogary öwreniş; syýasaty öwreniş; filosofiýa; ylahyýet hünärleri — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş;
  • türkmen dili we edebiýaty; žurnalistika hünärleri — türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;
  • iňlis dili we edebiýaty; fransuz dili we edebiýaty; nemes dili we edebiýaty; pars dili we edebiýaty; türk dili we edebiýaty; arap dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty hünärleri — saýlap alan hünär dili ýa-da iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
  • italýan dili we edebiýaty hünäri — iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
  • rus dili we edebiýaty hünäri — rus dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
  • hukuk öwreniş hünäri — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil öwredýän derslerden başga, ähli dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— mugallymçylyk mekdebini tamamlan we mugallymçylyk ugrundan 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar (mugallymçylyk hünärlerine);

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler;

— hukuk öwreniş hünärine girýänler üçin hukuk goraýjy edaralarda 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi hem-de şol edaralaryň döwlet we welaýat derejesindäkilerinden hödürnamasy bolanlar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31, tel.: 94-69-90, 94-54-29.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Arzygul20040118 ( 16.07.2024 )

Haýsy mekdepde dakument tabsyrylsygy gecirilyar, Balkan welatynda

55
Meňzeş täzelikler