Soňky habarlar
Arhiw
S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty 2024/2025-nji okuw ýyly üçin dalaşgärleri kabul edýändigini yglan edýär
1
88183
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty 2024/2025-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:
I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):
1. Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary (hünärler: fizika we informatika; zähmet we tehnologiýalaryň esaslary; başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy; mekdebe çenli bilim we terbiýe).
II. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):
1. Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary (taýýarlygyň ugurlary: başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy; mekdebe çenli bilim we terbiýe).
III. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):
1. Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary (hünärler: matematika we informatika; himiýa; biologiýa; geografiýa; taryh; türkmen dili we edebiýaty; daşary ýurt dili we edebiýaty (rus dili we edebiýaty); daşary ýurt dili we edebiýaty (iňlis dili we edebiýaty); daşary ýurt dilleri we edebiýaty (hytaý dili we edebiýaty, iňlis dili); daşary ýurt dilleri we edebiýaty (nemes dili we edebiýaty, iňlis dili); daşary ýurt dilleri we edebiýaty (pars dili we edebiýaty, iňlis dili).
2. Bedenterbiýe we sport (hünär: bedenterbiýe).
IV. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):
1. Sosiologiya we durmuş işi (taýýarlygyň ugry: durmuş işi)
Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary Lebap, Mary, Daşoguz welaýatlarynyň merkezlerinde 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, sportuň görnüşleri boýunça döwlet halkara ýaryşlaryň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
şahsy pasportyny;
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Türkmenabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Mary welaýaty — iýul aýynyň 31-i, 1-i we 4-i 6-sy günleri;
Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 2-3-i, 5-i we 7-si günleri;
Lebap welaýaty — awgust aýynyň 8-9-10-y, 11-12-i we 13-i günleri;
Aşgabat we Arkadag şäherleri — awgust aýynyň 14-i, 15-i we 16-sy;
Ahal welaýaty — awgust aýynyň 14-i, 15-i we 16-sy günleri;
Balkan welaýaty — awgust aýynyň 15-i, 16-sy we 17-si günleri.
Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:
fizika hünäri — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
matematika hünäri — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;
himiýa hünäri — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;
biologiýa hünäri — biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;
geografiýa hünäri — geografiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
taryh hünäri — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş;
başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy hünäri — türkmen dili we edebiýaty, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
mekdebe çenli bilim we terbiýe hünäri — türkmen dili we edebiýaty, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
türkmen dili we edebiýaty hünäri — türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;
rus dili we edebiýaty hünäri — rus dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
iňlis dili we edebiýaty hünäri — iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
hytaý dili we edebiýaty hünäri — hünär dili boýunça ýa-da iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
nemes dili we edebiýaty hünäri — hünär dili boýunça ýa-da iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
pars dili we edebiýaty hünäri — hünär dili boýunça ýa-da iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
bedenterbiýe hünäri — umumy fiziki taýýarlygyň tassyklanan möçbernamasyny ýerine ýetirmeli, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Degişli diller boýunça geçirilýän dil derslerinden başga ähli dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
mugallymçylyk mekdebini tamamlan we mugallymçylyk ugrundan 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;
orta sport mekdeplerini tamamlan ýokary derejeli türgenler (bedenterbiýe hünäri üçin);
2019-2023-nji ýyllarda geçirilen halkara ýaryşlaryň ýeňijileri (bedenterbiýe hünäri üçin);
2019-2023-nji ýyllarda sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary (bedenterbiýe hünäri üçin);
çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.
Salgysy: Türkmenabat ş., Şabende köçesi, 7.
Telefon: 3-25-50, 3-04-18.
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler