Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň orta mekdepleriniň gutardyş synplarynda Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça synagyň soragnamalary - 2021ý.

0
32665
Soňky täzelenme:

«Mugallymlar gazeti» gazetinde Türkmenistanyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň ynsanperwerlik-durmuş bilimleri ugurly gutardyş synplarynda Türkmenistanyň taryhy dersinden geçiriljek synagyň soragnamalary çap edildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Milli bilim instituty tarapyndan taýýarlanan şol sanawy «Turkmenportal» hem okyjylary bilen paýlaşýar:

 

1-nji soragnama

  1. Türkmenistanda dörän gadymy siwilizasiýalar.
  2. Türkmenistanyň sagdyn ýaşaýyş­durmuş syýasaty.

 

2-nji soragnama

  1. Türkmenistanyň taryhy dersi.
  2. Türkmenistanda ulag ulgamynyň ösmeginde Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmeginiň ähmiýeti.

 

3-nji soragnama

  1. Goňurdepe – Marguş­ýurdunyň paýtagty.
  2. Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet dolandyryşy we jemgyýetçilik gurluşy.

 

4-nji soragnama

  1. Türkmenistanyň taryhynyň döwürleri.
  2. Jemgyýetçilik­syýasy guramalaryň we birleşmeleriň işi.

 

5-nji soragnama

  1. Parfiýa döwletiniň gülläp ösmegi.
  2. Adat­türkmenleriň hukuklarynyň we kanunlarynyň kadalary.

 

6-njy soragnama

  1. Türkmenistanda mezolit döwrüniň arheologiki ýadygärlikleri.
  2. Garaşsyz Türkmenistanda kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilmegi.

 

7-nji soragnama

  1. Eftalylar döwletiniň döremegi.
  2. Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen deňhukukly we dostlukly gatnaşyklarynyň ösdürilmegi.

 

8-nji soragnama

  1. Sasanylaryň halkara söwda gatnaşyklary babatdaky syýasaty.
  2. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň harby doktrinasy.

 

9-njy soragnama

  1. Beýik Seljuk döwletiniň gülläp ösmegi.
  2. “Açyk gapylar” syýasaty.

 

10-njy soragnama

  1. Türkmenistanyň demir asyry döwrüne häsiýetnama.
  2. Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet nyşanlaryna girizilen üýtgeşmeler.

 

11-nji soragnama

  1. Köneürgenç türkmen döwletiniň gülläp ösmegi.
  2. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi.

 

12-nji soragnama

  1. Türkmenistanyň ýerlerinde ýaşan iň gadymy adamlar.
  2. Türkmenistanyň ilkinji milli “TürkmenÄlem 52oE” aragatnaşyk emeli hemrasynyň uçurylmagy we onuň ähmiýeti.

 

13-nji soragnama

  1. Parfiýanyň döwlet gurluşy.
  2. 1941–1945­nji­ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna türkmenistanlylaryň gatnaşmagy.

 

14-nji soragnama

  1. Gadymy Oguz Türkmen döwleti.
  2. Sarahs söweşi we onuň netijeleri.

 

15-nji soragnama

  1. Altyndepe–iň gadymy şäher–döwlet.
  2. Garaşsyz Türkmenistanda ylym ulgamyndaky özgerişler.

 

16-njy soragnama

  1. Türkmenistanyň ýerlerinde gadymy taýpalaryň ýerleşişi.
  2. Türkmenistanyň taryhyny öwrenmekde milli we daşary ýurt alymlarynyň goşandy.

 

17-nji soragnama

  1. Jeýtun medeniýeti we onuň ýadygärlikleri.
  2. Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi.

 

18-nji soragnama

  1. Gadymy Dehistanyň arheologiki ýadygärlikleri.
  2. ХVII asyrda türkmenleriň ýerleşişi.

 

19-njy soragnama

  1. Gunlaryň Günbatar we Gündogar Rim bilen gatnaşyklary.
  2. Türkmenistanyň Raýat kodeksi we onuň ähmiýeti.

 

20-nji soragnama

  1. Aleksandr Makedonlynyň Orta Aziýa ýörişi.
  2. Türkmenistanyň taryhy­medeni mirasy we ýadygärlikleri.

 

21-nji soragnama

  1. Garrygala söweşi we onuň netijeleri.
  2. Türkmenistanda döwlet eýeçiliginiň hususylaşdyrylmagy.

 

22-nji soragnama

  1. Demriň ýüze çykmagy we onuň ähmiýeti.
  2. XVIII–XIX asyrlarda türkmenlerde ýer­suw eýeçiligi. 

 

23-nji soragnama

  1. Gadymy ilatyň meşgullanan kärleri we hojalygy.
  2. Gajarlaryň Mara ýörişi.

 

24-nji soragnama

  1. Gadymy Horezm döwletinde ekerançylygyň we maldarçylygyň ösmegi.
  2. Türkmenistanda senagatyň ösüşi.

 

25-nji soragnama

  1. Eneolit döwrüniň ýadygärlikleri – Garadepe, Namazgadepe.
  2. Daşköpri söweşi we onuň netijeleri.

 

26-njy soragnama

  1. Ahemeniler döwletiniň döremegi.
  2. Türkmenistan döwletini dünýä jemgyýetçiliginiň ykrar etmegi.

 

27-nji soragnama

  1. Eftalylar döwletiniň däp­dessurlary.
  2. Garaşsyz Türkmenistanyň dolandyryş­çäk gurluşy.

 

28-nji soragnama

  1. Ahemeniler döwrüniň medeniýeti.
  2. Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegi.

 

29-njy soragnama

  1. Horezmşalar döwletiniň döremegi.
  2. Garaşsyz Türkmenistanda binagärlik sungatynyň ösüşi.

 

30-njy soragnama

  1. Tahyrylar döwletiniň döwründe Türkmenistanyň gülläp ösmegi.
  2. Halk Maslahaty.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler