Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda

0
52162
Soňky täzelenme:

I. Şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:
1995-nji ýylyň 15-nji iýunynda kabul edilen «Döwlet häkimiýeti we dolandyryş edaralarynda garyndaşlaryň bilelikde işlemegini çäklendirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1995 ý., ¹ 2, 12-nji madda; 2016 ý., ¹ 1, 63-nji madda);
2016-njy ýylyň 26-njy martynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., ¹ 1, 63-nji madda).
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri. 2019-njy ýylyň 2-nji marty.
(Türkmenistan gazeti 14.03.2019 ý.)

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler