Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda

0
54003
Soňky täzelenme:

I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri girizmeli:
1. 2009-njy ýylyň 21-nji noýabrynda kabul edilen «Ýarag hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., ¹ 4, 78-nji madda; 2012 ý., ¹ 3, 65-nji madda; 2015 ý., ¹ 2, 63-nji madda; 2016 ý., ¹ 1, 67-nji madda, ¹ 2, 103-nji madda; 2017 ý., ¹ 3, 110-njy madda):
1) 7-nji maddanyň birinji böleginde «Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugy, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet feldýeger gullugy» diýen sözleri «Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýanyndaky Döwlet feldýeger gullugy» diýen sözlere çalşyrmaly;
2) 28-nji maddanyň birinji böleginiň 2-nji bendinde «Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň» diýen sözleri «Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň» diýen sözlere çalşyrmaly.
2. 2010-njy ýylyň 12-nji martynda kabul edilen «Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., ¹ 1, 15-nji madda; 2011 ý., ¹ 4, 80-nji madda; 2016 ý., ¹ 4, 165-nji madda; 2017 ý., ¹ 2, 76-njy madda, ¹ 4, 167-nji madda; 2018 ý., ¹ 3-4, 93-nji madda):
1) V bölümiň adynda, 28-nji maddanyň adynda we birinji böleginde «sosial» diýen sözi «durmuş» diýen söze çalşyrmaly;
2) 29-njy maddanyň adynda «beýleki sosial» diýen sözleri «gaýry durmuş» diýen sözlere çalşyrmaly.
3. 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda kabul edilen «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., ¹ 3, 58-nji madda; 2011 ý., ¹ 4, 78-nji madda; 2012 ý., ¹ 1, 44-nji madda, ¹ 4, 113-nji madda; 2014 ý., ¹ 2, 80-nji madda, ¹ 4, 146-njy madda; 2015 ý., ¹ 2, 64-nji madda; 2016 ý., ¹ 1, 67-nji madda; 2017 ý., ¹ 1, 31-nji madda, ¹ 3, 110-njy madda; 2018 ý., ¹ 2, 36-njy madda):
1) 1-nji maddanyň üçünji böleginde «, Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň» diýen sözleri aýyrmaly;
2) 3-nji maddanyň bäşinji böleginde, 42-nji maddanyň mazmunynda, 53-nji maddanyň ikinji böleginiň 1-nji bendinde «we dolandyryş» we «ýa-da dolandyryş» diýen sözleri aýyrmaly;
3) 6-njy maddanyň birinji böleginde «we dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet hem-de» diýen sözleri «edaralary we» diýen sözlere çalşyrmaly;
4) 9-njy maddanyň altynjy böleginde «ýerli häkimiýet» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly.
4. 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda kabul edilen «Goranmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., ¹ 3, 59-njy madda, 2011 ý., ¹ 4, 76-njy madda; 2012 ý., ¹ 4, 112-nji madda; 2014 ý., ¹ 1, 
46-njy madda; 2016 ý., ¹ 1, 67-nji madda, ¹ 4, 143-nji madda; 2017 ý., ¹ 3, 110-njy madda):
1) 2-nji maddanyň üçünji böleginde «, Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugy» diýen sözleri aýyrmaly;
2) 5-nji maddanyň ikinji böleginiň 6-njy bendinde «,Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktoryny» diýen sözleri aýyrmaly.
5. 2011-nji ýylyň 21-nji maýynda kabul edilen «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., ¹ 2, 39-njy madda; 2016 ý., ¹ 1, 64-nji madda; 2017 ý., ¹ 1, 16-njy we 31-nji maddalar, ¹ 4, 145-nji madda; 2018 ý., ¹ 2, 37-nji madda):
1) preambulada, 35-nji maddanyň adynda we sekizinji böleginde «sosial» diýen sözi «durmuş» diýen söze çalşyrmaly;
2) 8-nji maddada:
üçünji bölekde «Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi» diýen sözleri «Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligi» diýen sözlere çalşyrmaly;
dördünji bölekde «Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi» diýen sözleri «Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendemirýollary» agentligi» diýen sözlere çalşyrmaly;
3) 23-nji maddanyň dördünji böleginde «sosial» diýen sözi «durmuş taýdan» diýen sözlere çalşyrmaly;
4) VI babyň adynda, 34-nji maddanyň adynda we birinji böleginde «sosial goragy» we «sosial» diýen sözleri degişlilikde «durmuş taýdan goragy» we «durmuş» diýen sözlere çalşyrmaly.
6. 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda kabul edilen «Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., ¹ 2, 19-njy madda; 2014 ý., ¹ 4, 164-nji madda; 2016 ý., ¹ 2, 98-nji we 103-nji maddalar):
1) 5-nji maddanyň altynjy böleginde «Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň» diýen sözleri «Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň» diýen sözlere çalşyrmaly;
2) V babyň adyny şu görnüşde beýan etmeli:
«V bap. Döwlet serhedini gorap saklamaga  döwlet häkimiýet edaralarynyň we raýatlaryň gatnaşmagy»;
3) 31-nji maddanyň adynda we birinji tesiminde «ýerli häkimiýet» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly.
7. 2013-nji ýylyň 18-nji dekabrynda kabul edilen «Harby ýagdaý hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., ¹ 4, 86-njy madda):
1) 1-nji maddanyň mazmunynda, 11-nji maddanyň birinji böleginde, 18-nji maddanyň adynda we birinji tesiminde «we dolandyryş» diýen sözleri aýyrmaly;
2) 17-nji maddanyň ikinji böleginiň 4-nji bendinde, 20-nji maddanyň üçünji we dördünji böleklerinde «ýerli häkimiýet» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly;
3) 22-nji maddanyň birinji böleginde «ýerli häkimiýetiň wekilçilikli» diýen sözleri «döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli» diýen sözlere çalşyrmaly.
8. 2014-nji ýylyň 1-nji martynda kabul edilen «Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., ¹ 1, 35-nji madda; 2017 ý., ¹ 3, 107-nji madda, ¹ 4, 147-nji madda) 7-nji maddasynda:
ikinji bölekde «ykdysady jenaýatlara garşy göreş,» diýen sözleri aýyrmaly;
dördünji bölekde «Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugy» diýen sözleri «Türkmenistanyň Baş prokuraturasy» diýen sözlere çalşyrmaly.
9. 2014-nji ýylyň 8-nji noýabrynda kabul edilen «Dessin-agtaryş işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., ¹ 4, 137-nji madda; 2016 ý., ¹ 1, 67-nji madda; 2017 ý., ¹ 1, 31-nji madda, ¹ 3, 110-njy madda, ¹ 4, 147-nji madda; 2018 ý. ¹ 2, 43-nji madda) 7-nji maddasynyň birinji böleginiň 8-nji bendini aýyrmaly.
10. 2017-nji ýylyň 25-nji noýabrynda kabul edilen «Terrorçylyga garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., ¹ 4, 163-nji madda):
1) 5-nji maddanyň üçünji böleginiň 8-nji bendini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli;
2) 7-nji maddada:
üçünji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«3. Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi terrorçylyga garşy hereket etmegi terrorçylykly maksatlar bilen edilen jenaýatlary duýdurmak, öňüni almak, ýüze çykarmak we soňuna çykmak hem-de kanunda gadagan edilen usullar bilen alnan pul serişdeleriniň kanunlaşdyrylmagynyň öňüni almaga we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmäge gatnaşmak arkaly amala aşyrýar, şeýle hem terrorçylyga garşy ýörite çäreler geçirilen mahalynda zerur güýçleri we serişdeleri berýär hem-de bu çäreleriň geçirilýän wagtynda olaryň netijeli peýdalanylmagyny üpjün edýär.»;
dokuzynjy bölegi güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri. 2019-njy ýylyň 2-nji marty.
(Türkmenistan gazeti 13.03.2019 ý.)

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler