Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Rasionalizatorçylyk işi hakynda

0
51919
Soňky täzelenme:

Şu Kanun rasionalizatorçylyk teklipleriniň awtorlarynyň döredijilik mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegi, olaryň rasionalizatorçylyk işine höweslendirilmegi üçin guramaçylyk, hukuk we ykdysady şertleriň döredilmegine gönükdirilendir.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Rasionalizatorçylyk işi düşünjesi

Rasionalizatorçylyk işi diýlip adam ýa-da adamlaryň topary tarapyndan amala aşyrylýan, ulanylmagy maddy we maliýe serişdeleriniň tygşytlanylmagyna ýardam edýän desgalaryň, gurluşlaryň, harytlaryň we önümleriň, tehniki serişdeleriň ýa-da tehnologiýa iş ýöredişiniň kämilleşdirilmegine, şeýle hem zähmetiň şertleriniň we daşky gurşawyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen döredijilik işine düşünilýär.
2-nji madda. Rasionalizatorçylyk işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Rasionalizatorçylyk işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
3-nji madda. Rasionalizatorçylyk işiniň ýörelgeleri
Rasionalizatorçylyk işi kanunylyk, aýanlyk, meýletinlik, onuň gatnaşyjylarynyň bähbitleriniň umumylygy we hukuklarynyň deňligi ýörelgelerinde amala aşyrylýar.
4-nji madda. Rasionalizatorçylyk işi babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary
Şular rasionalizatorçylyk işi babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar:
1) rasionalizatorçylyk teklipleriniň awtorlarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak;
2) rasionalizatorçylyk teklipleriniň awtorlaryny rasionalizatorçylyk teklipleri üçin olara pul sylagynyň (mundan beýläk — sylag) tölenilmegi, şeýle hem beýleki höweslendirmeleriň ulanylmagy arkaly höweslendirmek;
3) eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, kärhanalarda, guramalarda, edaralarda (mundan beýläk — kärhanalar) iň täze tehnologiýalaryň we standartlaryň ornaşdyrylmagyna ýardam etmek;
4) rasionalizatorçylygyň, täzeçilligiň ýaýradylmagynyň meseleleri boýunça tejribe alyşmak üçin şertleri döretmek, maglumatlaryň açyk elýeterliligini üpjün etmek;
5) rasionalizatorçylyk işi bilen meşgullanýan adamlaryň deňhukuklylygyny üpjün etmek;
6) rasionalizatorçylyk işi bilen meşgullanýan jemgyýetçilik birleşiklerine döwlet goldawyny bermek;
7) halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek.
5-nji madda. Rasionalizatorçylyk işiniň maliýeleşdirilmegi
Rasionalizatorçylyk işiniň maliýeleşdirilmegi kärhanalaryň serişdeleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik gaýry çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.
Görkezilen serişdeler tejribe-synag işleriniň geçirilmegine, rasionalizatorçylyk teklipleri boýunça görnüşleriň we nusgalaryň taýýarlanylmagyna we synagdan geçirilmegine, sergileriň, bäsleşikleriň we gaýry çäreleriň guralmagyna, şeýle hem sylaglaryň tölenilmegine gönükdirilmelidir.
II BAP. RASIONALIZATORÇYLYK IŞI BABATDA DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRMESI. 
RASIONALIZATORÇYLYK IŞINIŇ GURALYŞY
6-njy madda. Rasionalizatorçylyk işi babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary rasionalizatorçylyk işi babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar bolup durýarlar.
7-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:
1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;
2) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar;
3) döwlet häkimiýet edaralarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işini utgaşdyrýar;
4) Türkmenistanyň kanunçylygynda özüniň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.
8-nji madda. Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary:
1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler;
2) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýärler;
3) rasionalizatorlaryň jemgyýetçilik birleşikleri bilen özara ylalaşykly hereket edýärler;
4) raýatlara rasionalizatorçylygyň meseleleri boýunça maglumatlary berýärler;
5) rasionalizatorçylyk işi bilen baglanyşykly meseleler boýunça raýatlaryň ýüztutmalaryna seredýärler;
6) Türkmenistanyň kanunçylygynda özleriniň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýarlar.
9-njy madda. Türkmenistanyň Rasionalizatorlar jemgyýeti
1. Rasionalizatorçylyk işini ösdürmek we utgaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Rasionalizatorlar jemgyýeti döredilip bilner.
2. Türkmenistanyň Rasionalizatorlar jemgyýeti jemgyýetiň Tertipnamasynda göz öňünde tutulan umumy maksatlaryň durmuşa geçirilmegi üçin birleşen Türkmenistanyň raýatlarynyň meýletinlik başlangyçlarynda döredilen jemgyýetçilik birleşigidir.
3. Türkmenistanyň Rasionalizatorlar jemgyýeti rasionalizatorçylyk teklipleriniň awtorlarynyň hukuklarynyň berjaý edilmegine jemgyýetçilik gözegçiligini we olaryň bähbitleriniň goralmagyny amala aşyrýar.
4. Türkmenistanyň Rasionalizatorlar jemgyýeti işini öz Tertipnamasyna we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrýar.
10-njy madda. Rasionalizatorçylyk işiniň guralyşy
1. Kärhanada rasionalizatorçylyk işini guramak maksady bilen, onuň ýolbaşçysy tarapyndan rasionalizatorçylyk işi hakynda düzgünnama, rasionalizatorçylyk tekliplerine seretmegiň tertibi, sylaglary tölemegiň tertibi tassyklanylýar.
2. Rasionalizatorçylyk işini guramak boýunça ýolbaşçylyk kärhananyň ýolbaşçysy ýa-da bu işiň guralmagy we geçirilmegi üçin jogapkär bolup durýan baş inžener (ýolbaşçynyň orunbasary) tarapyndan amala aşyrylýar.
3. Rasionalizatorlaşdyrma bilen baglanyşykly işi ýerine ýetirmek (rasionalizatorçylyk teklipleriniň resmileşdirilmegi, başlangyç resminamalaryň ýöredilmegi, rasionalizatorlara hemmetaraplaýyn kömegiň berilmegi) wezipe borçlary ýa-da buýruk bilen kärhananyň hünärmenleriniň biriniň üstüne ýüklenilýär.
4. Rasionalizatorçylyk teklibi boýunça tehniki resminamalary işläp taýýarlamak, ykdysady netijäniň hasaplamalaryny düzmek we ony ornaşdyrmak bilen baglanyşykly işleriň ýerine ýetirilmegi üçin kärhananyň degişli hünärmenleri çekilmelidirler.
5. Zerurlyk bolan halatynda kärhanada Türkmenistanyň Rasionalizatorlar jemgyýetiniň ilkinji guramasy döredilip bilner. Kärhanada Türkmenistanyň Rasionalizatorlar jemgyýetiniň ilkinji guramasynyň döredilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde amala aşyrylýar.
11-nji madda. Rasionalizatorçylyk işini guramak boýunça kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň borçlary
Kärhanalaryň ýolbaşçylary şulara borçludyrlar:
1) rasionalizatorçylyk teklipleriniň awtorlaryna öz döredijilik işleri üçin şertleri döretmäge, rasionalizatorçylyk tekliplerini durmuşa geçirmeklerinde olara hemmetaraplaýyn kömegi bermäge, olaryň tekliplerini taýýarlamak we ulanmak boýunça işe gatnaşmaga hünärmenleri çekmäge;
2) kärhananyň işine degişli rasionalizatorçylyk tekliplerine öz wagtynda seretmäge we olary ulanmaga ( ornaşdyrmaga);
3) sylaglary bellenen tertipde tölemäge;
4) rasionalizatorçylyk teklipleriniň awtorlaryny goldamaga we höweslendirmäge, şol sanda rasionalizatorçylyk tekliplerini işläp düzmekde we degişli tertipde resmileşdirmekde olara kömek bermäge, bäsleşikleri, sergileri we rasionalizatorlaşdyrmagyň meseleleri boýunça beýleki çäreleri geçirmäge.
III BAP. RASIONALIZATORÇYLYK TEKLIBINE SERETMEK WE ONY RASIONALIZATORÇYLYK DIÝIP YKRAR ETMEK
12-nji madda. Teklibiň rasionalizatorçylyk diýlip ykrar edilmegi baradaky arzanyň berilmegi

1. Rasionalizatorçylyk teklibini işläp düzen adam (adamlar) teklibiň rasionalizatorçylyk diýlip ykrar edilmegi baradaky arza bilen (mundan beýläk — arza) kärhananyň ýolbaşçysyna ýüz tutmaga haklydyr. Kärhananyň ýolbaşçysy arza seretmek boýunça topar (mundan beýläk — topar) döredýär.
2. Arza her bir tehniki ýa-da guramaçylyk çözgüdi boýunça aýratyn düzülýär.
3. Eger arza bir rasionalizatorçylyk teklibi üçin berlen bolsa, oňa seredilende bolsa, arza goşulan resminamalara laýyklykda onda iki ýa-da şondan köp rasionalizatorçylyk teklibiniň bardygy anyklanylsa, bu barada arza beren adama ýazmaça habar berilýär. Bu ýagdaýda görkezilen adam şeýle habarnamany alan gününden başlap, on bäş senenama günüň dowamynda her bir teklip üçin aýratyn degişli arzany bermelidir.
4. Eger rasionalizatorçylyk teklibi kärhanalaryň birnäçesinde ulanylyp bilinjek bolsa, rasionalizatorçylyk teklibiniň awtory bu kärhanalaryň islendiginiň ýolbaşçysyna ýüz tutmaga haklydyr.
5. Arzada rasionalizatorçylyk teklibiniň ady we rasionalizatorçylyk teklibiniň awtory hakynda maglumatlar (familiýasy, ady we atasynyň ady, işleýän ýeri, eýeleýän wezipesi) görkezilýär. Eger arza kärhanada işlemeýän adam tarapyndan berilse, onuň öý salgysy görkezilýär.
6. Guramaçylyk çözgüdi bilen baglanyşykly arzada şu maddanyň bäşinji böleginde görkezilen maglumatlardan daşary rasionalizatorçylyk teklibiniň ulanylmagynyň zerurlygynyň esaslandyrylmasy, teklibiň beýany, onuň ulanylmagynyň ykdysady netijesi baradaky maglumatlar beýan edilýär.
7. Arza şu resminamalar goşulmalydyr:
1) rasionalizatorçylyk teklibiniň beýany;
2) grafiki materiallar, suratlar, çyzgylar, eskizler, fotosuratlar we rasionalizatorçylyk teklibiniň düýp manysyna düşünmek üçin zerur bolan beýleki resminamalar;
3) ykdysady netijäniň hasaplamalary, çalşyrylýan çözgüt bilen deňeşdirilende peýdalylygynyň düşündirmesi;
4) eger rasionalizatorçylyk teklibiniň işlenip düzülmegine raýatlaryň birnäçesi bilelikde gatnaşan bolsa, şärikli awtorlaryň olaryň arasynda pul sylagynyň paýlaşylmagy barada ylalaşygy.
8. Berlen senesi görkezilen arza we oňa goşulýan resminamalara arza beren adam tarapyndan gol çekilmelidir.
9. Rasionalizatorçylyk teklibini işläp düzen adam arza bellige alnandan soň, ýöne ol boýunça çözgüt çykarylýança, teklibiň düýp manysyny üýtgetmezden, teklibiň beýanyna, çyzgysyna, shemasyna, eskizine üýtgetmeler we goşmaçalar girizip biler. Üýtgetmeler we goşmaçalar berlen senesini görkezmek bilen, aýratyn sahypada resmileşdirilmelidir. Teklibiň düýp manysynyň üýtgedilmegine aýratyn arza bilen resmileşdirilmeli täze teklip hökmünde seredilýär.
10. Arza we oňa goşulýan resminamalar döwlet dilinde resmileşdirilýär. Käbir halatlarda olaryň başga dillerde berilmegine ýol berilýär. Şunda olaryň döwlet diline terjimesi arzanyň berlen senesinden başlap, bir aýyň dowamynda kärhana berilmelidir.
13-nji madda. Arza seredilmegi
1. Arza topar tarapyndan bir aýyň dowamynda seredilýär, şu maddanyň altynjy böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýlar muňa degişli däldir. Görkezilen arzanyň şu Kanunyň 14-nji maddasynda bellenen kadalara laýyklygyna barlag geçirilenden soň, degişli çözgüt kabul edilýär.
2. Arza seredilmeginiň netijeleri boýunça aşakdaky çözgütleriň biri kabul edilýär:
1) teklibi rasionalizatorçylyk diýip ykrar etmek barada;
2) teklibiň tejribe barlagyny geçirmek barada;
3) teklibi bölekleýin rasionalizatorçylyk diýip ykrar etmek barada;
4) teklibi rasionalizatorçylyk diýip ykrar etmekden ýüz döndermek barada.
3. Teklip rasionalizatorçylyk diýlip ykrar edilen halatynda, rasionalizatorçylyk teklibiniň awtory bilen kärhananyň ýolbaşçysynyň arasynda rasionalizatorçylyk teklibi ulanmak (ornaşdyrmak) barada şertnama baglaşylýar. Şertnama şulary özünde saklamalydyr:
1) şertnamanyň närsesini;
2) taraplaryň hukuklaryny we borçlaryny;
3) sylagyň möçberini we tölenilmeginiň möhletlerini;
4) jedelleri çözmegiň usullarynyň görkezilmegini;
5) şertnamanyň baglaşylan senesini we ýerini;
6) taraplaryň rekwizitlerini we gollaryny.
Şertnamada taraplaryň bellän beýleki şertleri hem göz öňünde tutulyp bilner.
4. Eger teklip boýunça tejribe barlagynyň geçirilmegi ýa-da tassyklanylan kadalaşdyryjy ýa-da tehniki resminamalary üýtgetmäge rugsatnamanyň alynmagy zerur bolsa, arza seretmegiň şu maddanyň birinji böleginde bellenen möhleti işleriň geçirilýän (nusgany ýasamak, ony synagdan geçirmek) ýa-da rugsatnamanyň alynýan wagtyna uzaldylýar. Teklibiň tejribe barlagy tamamlanandan soň, teklip boýunça kabul edilen çözgüt barada rasionalizatorçylyk teklibiniň awtoryna (şärikli awtorlara) tejribe barlagynyň tamamlanan gününden başlap, bir aý möhletiň içinde habar berilmelidir.
5. Eger teklip bölekleýin rasionalizatorçylyk diýlip ykrar edilse, onda çözgütde tehniki çözgüdiň haýsy böleginiň rasionalizatorçylyk teklibi diýlip ykrar edilendigi barada görkezilmelidir.
6. Topar tarapyndan teklibi rasionalizatorçylyk diýip ykrar etmekden ýüz döndermek barada çözgüt kabul edilen halatynda, ýüz dönderilmeginiň sebäpleri görkezilmelidir.
14-nji madda. Teklibiň rasionalizatorçylyk diýlip ykrar edilmeginiň şertleri
1. Teklip, eger ol şulary özünde saklaýan bolsa, rasionalizatorçylyk diýlip ykrar edilýär:
1) desgalaryň, gurluşlaryň, harytlaryň we önümleriň, tehniki serişdeleriň ýa-da tehnologiýa iş ýöredişiniň kämilleşdirilmegini göz öňünde tutýan, onuň berlen kärhanasy üçin täze we peýdaly bolup durýan tehniki çözgüdi;
2) zähmet, maddy, maliýe, energiýa, çig mal we gaýry serişdeleriň tygşytlanylmagyna, şeýle hem zähmetiň şertleriniň we tehniki howpsuzlygyň gowulandyrylmagyna ýardam edýän, kärhana üçin täze bolup durýan guramaçylyk ýa-da dolandyryş çözgüdi.
2. Teklip rasionalizatorçylyk diýlip ykrar edilmeýär, eger ol:
1) ol ulanylanda (ornaşdyrylanda) önümiň ýa-da tehnologiýa iş ýöredişiniň hil häsiýetleriniň pese gaçmagyna, zähmetiň şertleriniň, tehniki howpsuzlygyň ýaramazlaşmagyna getirýän bolsa, şeýle hem daşky gurşawa zyýanly täsir ýetirmäge ukyply bolsa;
2) desgalaryň, gurluşlaryň, harytlaryň we önümleriň, tehniki serişdeleriň ýa-da tehnologiýa iş ýöredişiniň bir görnüşiniň deň ähmiýetli we bu kärhanada belli bolan başga bir görnüşine çalşyrylmagyny göz öňünde tutýan bolsa, olaryň niýetlenilişi şeýle çalşyrmany tehniki döredijilik çözgütsiz amala aşyrmaga mümkinçilik berýän bolsa;
3) desgalaryň, gurluşlaryň, harytlaryň we önümleriň, tehniki serişdeleriň häsiýetleriniň üýtgemegine getirmeýän şkalalaryň, jetwelleriň, diagrammalaryň, grafikleriň, nomogrammalaryň düzülmegini özünde saklaýan bolsa;
4) ylmy we inžener-tehniki işgärler tarapyndan gulluk borçlarynyň ýa-da onuň bilen bagly şertnamalaýyn işleriň ýerine ýetirilmeginiň barşynda işlenip düzülen bolsa.
15-nji madda. Rasionalizatorçylyk teklibiniň awtory
1. Rasionalizatorçylyk teklibiniň awtory diýlip, ony öz döredijilik zähmeti bilen döreden fiziki şahs ykrar edilýär. Rasionalizatorçylyk teklibiniň awtoryna rasionalizatorçylyk teklibiniň bellige alnandygy baradaky şahadatnama berilýär.
2. Eger rasionalizatorçylyk teklibiniň döredilmegine raýatlaryň birnäçesi bilelikde gatnaşan bolsa, olaryň her biri onuň şärikli awtory bolup durýar. Şärikli awtorlara degişli bolan hukuklardan peýdalanmagyň tertibi olaryň arasyndaky ylalaşyk bilen kesgitlenilýär.
3. Rasionalizatorçylyk teklibiniň döredilmegine şahsy döredijilik goşandyny goşmadyk, şol sanda onuň awtoryna diňe tehniki, maslahat berijilik, guramaçylyk, maddy taýdan ýardam ýa-da kömek beren, ýa-da rasionalizatorçylyk teklibine ýa-da ony ulanmaga (ornaşdyrmaga) bolan hukuklary resmileşdirmäge we goramaga diňe ýardam eden, şeýle hem degişli işleriň ýerine ýetirilmegine gözegçiligi amala aşyran adamlar şärikli awtorlar diýlip ykrar edilmeýärler.
4. Rasionalizatorçylyk teklibiniň awtoryna rasionalizatorçylyk teklipleriniň çäklendirilmedik sany degişli bolup biler.
16-njy madda. Rasionalizatorçylyk teklibiniň ulanylmagynyň ykrar edilmegi
1. Rasionalizatorçylyk teklibi onuň ulanylyp başlanan gününden beýläk ulanylan diýlip ykrar edilýär.
2. Önümiň tejribe nusgasynyň synag barlagyndan geçirilmegi, taýýarlanylmagy we synagdan geçirilmegi, şeýle hem rasionalizatorçylyk teklibiniň diňe döwlet standartlaryna, tehniki şertlere girizilmegi rasionalizatorçylyk teklibiniň ulanylmagy diýlip ykrar edilmeýär.
17-nji madda. Arzanyň yzyna alynmagy
1. Rasionalizatorçylyk teklibini işläp düzen adam arzasyny oňa seredilmeginiň islendik döwründe yzyna almaga haklydyr.
2. Rasionalizatorçylyk teklibini işläp düzen adamlaryň birnäçesi tarapyndan ýazylan arza diňe olaryň her biriniň razyçylygy bilen yzyna alnyp bilner.
18-nji madda. Arza seredilmeginde nobatlylyk
Eger meňzeş rasionalizatorçylyk teklipleri üçin arzalar şol bir senede berlen bolsa, bellige alynmagynyň has irki belgisi bolan arza ilkinji nobatda seredilýär.
19-njy madda. Teklibiň rasionalizatorçylyk diýlip ykrar edilmegi hakynda çözgüdiň ýatyrylmagy
1. Şu Kanunyň talaplarynyň bozulmalarynyň ýüze çykarylan halatynda teklibiň rasionalizatorçylyk diýlip ykrar edilmegi hakynda çözgüt topar tarapyndan ýatyrylyp bilner. Şu ýagdaýda awtora tölenilen sylag yzyna gaýtarylmaga degişlidir.
2. Rasionalizatorçylyk teklibiniň awtory toparyň çözgüdi bilen razylaşmadyk halatynda degişli arza bilen kazyýete ýüz tutmaga haklydyr.
IV BAP. SYLAGA BOLAN HUKUK. 
SYLAGYŇ TÖLENILMEGINIŇ ESASLARY, MÖÇBERI WE MÖHLETLERI
20-nji madda. Sylaga bolan hukuk

Eger teklip kärhana tarapyndan rasionalizatorçylyk diýlip ykrar edilse, awtoryň (şärikli awtorlaryň) sylaga hukugy bardyr.
21-nji madda. Sylagyň tölenilmeginiň amala aşyrylmagy üçin esaslar
1. Sylag aşakdaky ýagdaýlarda tölenilýär:
1) rasionalizatorçylyk teklibi kärhana tarapyndan ulanylanda (ornaşdyrylanda);
2) rasionalizatorçylyk teklibi şertnama esasynda başga bir kärhana berlen tehniki resminama girizilende.
2. Sylag şu resminamalar bar bolanda tölenilýär:
1) rasionalizatorçylyk teklibiniň bellige alnandygy baradaky şahadatnama;
2) teklibiň ulanylmagynyň ykrarnamasy ýa-da rasionalizatorçylyk teklibiniň ulanylandygyny tassyklaýan gaýry resminama;
3) rasionalizatorçylyk teklibiniň ulanylmagyndan alnan tygşytlylygyň kärhananyň tehniki we ykdysady gulluklary tarapyndan düzülen hasaplamasy;
4) eger rasionalizatorçylyk teklibiniň döredilmegine raýatlaryň birnäçesi bilelikde gatnaşan bolsa, olaryň arasynda sylagyň paýlanylmagy barada şärikli awtorlaryň ylalaşygy.
22-nji madda. Sylagyň möçberi we tölenilmeginiň möhletleri
1. Sylagyň möçberi awtor (şärikli awtorlar) bilen ylalaşyk boýunça kärhana tarapyndan kesgitlenilýär we olaryň arasynda baglaşylan şertnamada görkezilýär. Şunda rasionalizatorçylyk teklibiniň ulanylan halatynda onuň awtoryna (şärikli awtorlaryna) rasionalizatorçylyk teklibiniň ulanylmagynyň netijesinde kärhananyň alan ýyllyk ykdysady netijesiniň on bäş göteriminden az bolmadyk möçberde sylag tölenilýär. Görkezilen sylag awtora (şärikli awtorlara) rasionalizatorçylyk teklibiniň ulanylmagynyň (ornaşdyrylmagynyň) bütin dowamynda, ýöne üç ýyldan köp bolmadyk döwürde tölenilýär.
2. Eger şol bir awtoryň (şärikli awtorlaryň) şol bir teklibi kärhanalaryň birnäçesi tarapyndan rasionalizatorçylyk diýlip ykrar edilse we ulanylsa, bu kärhanalaryň her biri biri-birine bagly bolmazdan, awtora (şärikli awtorlara) teklibiň ulanylmagynyň netijesinde alnan ýyllyk ykdysady netijäniň on bäş göteriminden az bolmadyk möçberde sylag töleýär.
Eger rasionalizatorçylyk teklibiniň awtory (şärikli awtorlary) onuň ulanylmagyna ýa-da rasionalizatorçylyk teklibiniň ornaşdyrylmagy bilen bagly beýleki işlere gatnaşan bolsa (gatnaşan bolsalar), kärhananyň ýolbaşçysy maddy taýdan höweslendirmegiň beýleki görnüşlerini hem ulanmaga haklydyr.
3. Sylagy tölemek boýunça wagt müddeti üç ýyldyr.
V BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
23-nji madda. Jedellere seredilmegi

Rasionalizatorçylyk işi bilen baglanyşykly jedellere kazyýet tertibinde seredilýär.
24-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.
25-nji madda. Şu Kanunyň herekete girmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri. 2019-njy ýylyň 2-nji marty.

(Türkmenistan gazeti 12.03.2019 ý.)

 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler