Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

AHAL WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI

0
5604
Soňky täzelenme:

2018/2019-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:
1.Türkmen milli saz gurallary.
2. Kirişli saz gurallary.
3. Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary.
4. Aýdym (wokal).
5. Saz mugallymçylygy.
6. Sazyň taryhy we nazaryýeti.
7. Halk tansy.
8. Fortepiano.
9. Hor dirižýorlygy.
10. Nakgaşçylyk.
 11. Halk saz gurallary.
Ýörite sungat mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Ýörite sungat mekdebiniň aýdym (wokal) hünärine 18 ýaşyny dolduran oglan-gyzlar kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda 2018-nji ýylyň 8—22-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;
— sazçylyk ýa-da ýörite çeperçilik bilimi barada resminamanyň asyl nusgasy;
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— şahsy pasportyny;
— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny;
— 2 sany galamda, 2 sany reňkde, 2 sany eser (kompozisiýa) işlerini (nakgaşçylyk hünärine okuwa girýänler üçin).
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýändir.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2018-nji ýylyň iýul aýynyň 25-i, 27-si we 29-y günlerinde Ahal welaýat ýörite sungat mekdebinde (Büzmeýin etraby) geçirilýär.
Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:
sazyň taryhy we nazaryýeti hünäri — hünäri boýunça, fortepiano we saz edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
nakgaşçylyk hünäri — galamda surat çekmek, eser döretmek (kompozisiýa), Türkmenistanyň taryhy;
halk tansy, aýdym (wokal) hünärleri — hünäri boýunça iki tapgyrda, Türkmenistanyň taryhy;
galan ähli hünärler — hünäri boýunça, solfedžio we sazyň nazaryýeti, Türkmenistanyň taryhy.
Dersler boýunça giriş synaglary sungat mekdepleriniň we Türkmenistanyň orta mekdepleriniň (Türkmenistanyň taryhy) okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.
Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., Büzmeýin etraby, Arkadag köçesi, 1; tel.: 33-52-41.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler