«Türkmenportal» saýty marketolog wezipesine boş iş ornuny açyp, ýokary hünär derejeli işgärleri öz toparyna goşulmaga çagyrýar.
Dalaşgäre talaplar:
Ýaşy: 20 ýaşdan.
Iş tejribesi: Marketing ulgamynda azyndan iki ýyl.
Dil bilimi: Rus we türkmen dillerinde erkin gürlemek.
Şahsy häsiýetler: Aragatnaşyga açyklyk, çeýelik, döredijilikli pikirlenmek, başlangyçlary öňe sürmek we netijelere ünsi jemlemek, jogapkärçilik, ünslülik, köpugurly wezipeleri ýerine ýetirmek ukyby.
Ukyplar: Analitikanyň esasynda maglumatlary seljermek we karar kabul etmek ukyby.
Esasy wezipeler:
Täze müşderileri gözlemek.
Bar bolan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek we pugtalandyrmak.
Alnyp barylýan marketing çärelerine gözegçilik etmek we olaryň netijelerine hemmetaraplaýyn seljerme bermek.
Işiň netijeleri boýunça giňişleýin hasabatlary we prezentasiýalary taýýarlamak.
Tanyşdyrmalara we müşderiler bilen gepleşiklere gatnaşmak.
Gyzyklanma bildirýän dalaşgärler öz terjimehalyny ads@turkmenportal.com elektron poçta salgysyna iberip ýa-da (+993 61) 61 81 46 telefon belgisi arkaly habarlaşyp bilerler.