Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gruziýa Türkmenistan bilen göni uçar gatnawlaryny açmaga taýýardyr – ilçi Sabiaşwili

16:5927.05.2025
0
18296

Gruziýa Türkmenistan bilen syýahatçylyk ugry boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr, şol sanda göni uçar gatnawlaryny ýola goýmaga taýyndyr. Bu barada Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçisi Konstantin Sabiaşwili Aşgabatda Gruziýanyň garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan çäräniň dowamynda beýan etdi.

«Türkmenistan Gruziýa üçin möhüm syýahatçylyk bazary bolup durýar, biz mundan beýläkki hyzmatdaşlyga taýýardyrys, şol sanda göni uçar gatnawlaryny ýola goýmaga taýyndyrys» - diýip, diplomat nygtady.

Sabiaşwili Gruziýanyň Türkmenistan bilen dostlukly we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändigini belledi. Onuň sözlerine görä, iki ýurduň hyzmatdaşlygy taryhy taýdan emele gelen hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly gatnaşyklara we strategiki geografiki amatly ýagdaýa esaslanýar.

«Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan wagty bolan 1992-nji ýylyň 16-njy iýulyndan başlap şu güne çenli biz möhüm ähmiýetli üstünliklere ýetdik we geljege oňaýly garaýyş bilen seredýäris» - diýip, ilçi belläp geçdi.

Diplomat Türkmenistanyň sebitdäki we ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, şeýle hem Owganystanda parahatçylykly prosese kömek bermäge goşant goşýandygyna ýokary baha berdi. «Bu tagallalar tutuş sebitiň parahatçylykly ösüşi üçin örän möhümdir» - diýip, ol nygtady.

Iki ýurduň arasynda özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryndan biri ykdysady gatnaşyklary ösdürmekdir. Haryt dolanyşygynyň artmagyna garamazdan, ol bar bolan mümkinçilikleri doly derejede görkezmeýär – diýip, Sabiaşwili belledi.

Şu jähtde ilçi Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara iş toparynyň alyp barýan işini aýratyn belläp geçdi.

Türkmenistan bilen özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary iri sebit we halkara ulag we energetika taslamalaryny durmuşa geçirmekdir. «Türkmenistan elmydama ygtybarly hyzmatdaş bolupdy we şeýle bolmagynda hem galýar» - diýip, diplomat beýan etdi.

Ilçi Gruziýanyň Türkmenistan bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny we ýakyn ýyllarda gatnaşyklaryň depginli ösüşe eýe boljakdygyna umyt bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň