Şwesiýaky iri akkumulýator zawody ýapylýar, gorlaryň gymmatlamagy we sargytlaryň ýokdugy üçin 4,5 milliard ýewro maýa goýlan önümçilik iýunyň aýagyna çenli işini bes eder.
Kompaniýanyň eýeleri kynçylyklara garşy işgärleri işden boşatmagyň hasabyna göreşdiler. Kärhanada müňden az işgär galdy, olar hem golaý wagtda zähmet biržasyny doldurar diýip, «News.by» habar berdi.
Şwesiýanyň zawodyny Ýewropanyň awtoulag önümçiligi üçin açdylar. Emma soňky döwürde awtoulag öndürijiler has amatly şertlerde Hytaýdan akkumulýatorlary satyn almaga başladylar.