Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýda robotlaryň arasynda ilkinji boks tutluşygy geçdi

11:0327.05.2025
0
8546
Hytaýda robotlaryň arasynda ilkinji boks tutluşygy geçdi
Surat: RBK Life

Hytaýda robot-gumanoidleriň gatnaşmagynda «Unitree Iron Fist King: Awakening!» («Demir ýumruklaryň tutluşygy: oýanyş») diýen at bilen ýaryş geçirildi. MMA stilinde geçen ýaryş 25-nji maýda «CMG World Robot Competition» çäresiniň çäklerinde guraldy diýip, CCTV teleýaýlymy habar berdi.

Boks meýdançasyna 2024-nji ýylyň maýynda tanyşdyrylan G1 robotlary çykdy. Olaryň boýy 1,32 metre deň. Olar örän oňat öwrüm edýärler we tizligini sekuntda 2 metre çenli artdyrmaga ukyply. Robotlar operatorlaryň dört topary tarapyndan aralykdan dolandyrylýar.

Synag wagtynda robotlaryň esasy ukyplary: ylgamak, ýöremek, tans etmek, aşyrym atmak, durnuklylyk we gözegçilik barlandy. Robotlaryň esasy ukyby 8 sekundyň dowamynda çakgan ýerinden galmakdyr. Bu uruşgan robotlaryň enjam hem-de programma üpjünçiligi bilen özara gatnaşygyna baha bermekde möhümdir.

Häzirki zaman robotlary güýçlendirilen emeli aň algoritmlerine eýe bolup, herekete millisekuntda seslenýärler. Olar ähli bogunlaryň hereketlendirijilerini dessine işe girizmäge ukyplydyr we şunda çydamlylygy hem-de deňagramlylygy saklamagy başarýarlar diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň