Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen diplomaty 62-nji Ýaponiýanyň Aýkido Embukaýyna gatnaşdy

18:0826.05.2025
0
15345
Türkmen diplomaty 62-nji Ýaponiýanyň Aýkido Embukaýyna gatnaşdy
Surat: Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow Nippon Budokanda (Tokio şäheri) Aikikai gaznasy tarapyndan guralan 62-nji Ýaponiýanyň Aýkido Embukaýyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Tokiodaky diplomatik wekilhanasy habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Aikikai gaznasy Morihei Ueşiba tarapyndan döredilen aýkidonyň dowam etdirilmegini goldaýan fond bolup durýar. Aikikai gaznasy bedenterbiýe ösüşine goşant goşmagy we aýkido arkaly bedeniň we aňyň ösdürilmegine, şeýle hem aýkidonyň ýaýramagyna we wagyz edilmegine goşant goşmagy maksat edinýär.

Ýapon söweş sungaty Türkmenistanda uly gyzyklanma döredýär. Aýkidonyň tälimçisi Şamuhammet Baýlyýew «Laçyn-Aý» klubunda üç ýarym müňden gowrak türgeni taýýarlady.

2018-nji ýylyň oktýabr aýynda Şamuhammet Baýlyýew Ýaponiýanyň daşary işler ministri tarapyndan Türkmenistanda bu ýapon söweş sungatyny ösdürmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin sylaglanyldy diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň