Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi

19:1425.05.2025
0
15183

Aşgabatda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.

Aşgabatdaky Türkmen halysynyň milli muzeýi esasy baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde milli halyçylyk sungatynyň nusgawy we häzirki zaman eserlerinden ybarat sergi ýaýbaňlandyryldy.

Muzeý bilen ýanaşyk meýdançada, açyk asmanyň astynda halyçylaryň döredijilikli zähmeti, haly dokalyşynyň yzygiderliligi şöhlelendirildi. Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, ýurduň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň çeper haly kärhanalarynyň ussat halyçylarynyň we hususy halyçylaryň dokan halylarydyr haly önümleri baýramçylyk mynasybetli guralan serginiň baş bezegine öwrüldi. Şeýle-de sergide ýurduň halyçylyk bilen meşgullanýan telekeçileri öz işlerini görkezdiler. Telekeçi zenanlaryň haly önümleri gözelligi, nepisligi, aýratyn çeperçilik çemeleşmeleri bilen myhmanlaryň ünsüni çekdi. Görkezilýän önümleriň hatarynda nusgawy gölli, dürli şekilli halylar, güberçekli halylar bar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ada mynasyp bolan halyçylary sarpalamak dabarasy geçirildi.

Günüň ikinji ýarymynda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginde Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi. Ýurduň ugurdaş düzümleriniň wekillerini, ylym-bilim, medeniýet we sungat ulgamlarynyň işgärlerini, dünýäniň ylmy, işewür jemgyýetçiliginiň agzalaryny, alymlary, halyşynaslary bir ýere jemlän mejlisde türkmen halyçylyk sungatynyň taryhy, häzirki döwri we geljekki mümkinçilikleri baradaky çykyşlar diňlenildi. Çykyşlarda türkmen halysynyň halkyň durmuşynda eýeleýän ornuna üns çekildi.

Çykyş edenler gadymy däpleriň giňden wagyz edilmeginde türkmen halkynyň Milli Lideriniň ägirt uly goşandynyň bardygyny nygtap, Gahryman Arkadagyň el halylarynyň gözelligi baradaky “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” atly kitaplarynyň bütin dünýäni türkmen halyçylyk sungaty bilen içgin tanyşdyrýandygyny bellediler. Soňra Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi “Halyçylyk sungaty — milli mirasymyz” we “Geçmişden eşidilýän ýaň — türkmen halysy” atly bölümçelerde dowam etdi.

Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ýurduň ähli künjeginde duşuşyklar, sergiler, ylmy maslahatlar, döredijilik bäsleşikleri, konsertler we beýleki çäreler geçirildi diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň