Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda galla oragyna taýýarlyk görülýär

07:2724.05.2025
0
4327
Türkmenistanda galla oragyna taýýarlyk görülýär
Surat: Türkmenistan: Altyn Asyr

23-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Galla oragyny guramaçylykly geçirmek, ösdürilip ýetişdirilen bugdaýyň bol hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almak, galla oragy möwsümine ähli ugurlar boýunça taýýarlyk işleri geçirilýär. Ýeralmanyň, gök we bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, bu önümler bilen ilaty ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekilen ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri alnyp barylýar. Pile hasylyny ýygnamak işleri-de dowam edýär. Daşoguz welaýatynda şaly ekmek boýunça degişli işler geçirilýär. Bulardan başga-da, ýurdumyzda ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak babatda zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezident hasabaty diňläp, ýurduň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek işleriniň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belledi. Döwlet Baştutany welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda ideg işlerini dowam etdirmegiň, galla oragy möwsümine gowy taýýarlyk görmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň