Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Maksatly Türkmen»: bezegli aýna plýonkasy bilen gurşawy özgerdiň

11:1223.05.2025
0
9362

«Maksatly Türkmen» hojalyk jemgyýeti penjireleri, mebelleri, otagara gapylary, tekjeleri we beýleki aýnaly zatlary bezemekde ajaýyp we amaly çözgüt bolan bezegli aýna plýonkalaryny hödürleýär.

Bezegli aýna plýonkalary dürli reňklerde we öwüşginlerde ýetirilýär. Özboluşly aýratynlygy reňk täsirlerini döretmäge we aýna dizaýny bilen synap görmäge mümkinçilik berýän reňksiz örtükleri köp gatly ýelmemek mümkinçiligidir.

Estetiki funksiýasyndan başga-da, plýonkalaryň birnäçe gorag aýratynlyklary bar:

- howpsuzlyk. Aýna döwlende gyýçaklarynyň zyňylmagynyň öňüni alýar.

- ýylylyk izolýasiýasy. Gyşda ýylylygy saklaýar we tomusda daşardan gelýän yssyny yzyna serpikdirip, amatly temperaturany saklamaga kömek edýär.

- Ultramelewşe şöhlelerden goraýar. Mebelleriň we dokma önümleriniň reňkiniň solmagynyň öňüni alýar.

Gorag örtükleri oda hem çydamly bolup, 30 minutdan gowrak wagtlap oduň ýaýramagynyň öňüni almaga ukyplydyr.

«Maksatly Türkmen» kompaniýasy özünde stili, köpugurlylygy hem-de howpsuzlygy jemleýän ýokary hilli bezegli plýonkalaryny hödürleýär.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi, №28 jaýy;
  • telefon belgileri: 75 41 11, 19 41 11, 59 53 33, 14 53 33;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň