Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Belarus Respublikasy Hökümetara hyzmatdaşlyk toparynyň mejlisine taýýarlanýar

16:4321.05.2025
0
11410

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Belarus Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçisi Stanislaw Çepurny bilen duşuşdy. Bu barada Belarusyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Ylym we tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň ýakyn wagtda geçiriljek mejlisine taýýarlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem halkara guramalaryň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Diplomatlar medeni we ynsanperwer ugurda bilelikdäki çäreleri geçirmegiň geljegine aýratyn üns berdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň