Hindistanda öýlenýän ýigit öz toýunyň dabarasy gidip durka aradan çykdy, onuň gelinligi doganoglan gyzdy diýip, «MIR 24» habar berýär.
25 ýaşly Parwin däbe görä nika birleşiginiň başlanýandygyny alamatlandyrýan monjuk dakmak dessuryny ýerine ýetirýärdi, birdenkä ol gelinliginiň, maşgalasynyň we dostlarynyň göz alnynda ýykyldy. Onuň ýürek agyrysy tutan ekeni. Betbagtçylykly waka Karnataka ştatynyň Jamhandi şäherinde boldy, şaýatlaryň sözlerine görä, Parwin döşüniň agyrýandygyny aýtdy-da, birnäçe sekuntdan huşuny ýitirdi. Ene-atasy ýigidi golaýdaky hassahana eltdiler. Emma lukmanlar onuň eýýäm jan berendigini anykladylar diýip, «Navbharat Live» habar berdi.
Hindistanly lukmanlar eýýäm köpden bäri ýaşlaryň arasynda ýüregagyry keseliniň artandygyny aýdýarlar. Mysal üçin, geçen fewral aýynda 23 ýaşly gyz Madhýa-Pradeşde toý wagty tans edip ýörkä, ýykylyp, huşundan gitdi. Ondan birnäçe hepde öň Uttar-Pradeş ştatynda 14 ýaşly mekdep okuwçysy sport ýaryşynyň öňýanynda türgenleşýärkä, ýüregi durup aradan çykdy.