Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Saud Arabystanynda lukmanlaryň ornuna emeli aň peýdalanylyp başlandy

08:5921.05.2025
0
12576
Saud Arabystanynda lukmanlaryň ornuna emeli aň peýdalanylyp başlandy
Surat: RBK Life

Şanhaýdan «Synyi AI» startapy «Almoosa Health Group» kompaniýasy bilen bilelikde Saud Arabystanynda täze hassahananyň synagyny ýola goýdular, onda hassalaryň keseli anyklamak we bejergi ýazmak işini emeli aň (EA) alyp barar. Bu barada «Bloomberg» neşirine salgylanýan «rbc.ru» habar berdi.

Habarda täze saglygy goraýyş edarasynyň ilkinji bejergi babatda lukmanlary çalyşmakda möhüm ädim boljakdygy bellenýär. Ýagny ilkibaşda hassalar özlerindäki keseliň alamatlaryny planşetde ýazýarlar, soňra emeli aň anyklaýjy sowallary berýär, kömekçi adamlar tarapyndan edilen kardiogrammalary ýa-da rentgen suratlary öwrenýär. Taslamanyň heniz synag görnüşdigi üçin lukmançylyk geňeşine hünärmen-lukman hem gatnaşýar. Eýýäm bu hyzmatdan onlarça hassa peýdalandy.

«Synyi AI» startapy bu synagda emeli aňyň ýalňyşlygynyň 0,3 göterimden hem az bolandygyny nygtaýar.

Emeli aňyň saglyk bejergisine girizilmegini lukmanlaryň käbiri tankyt etdiler, olaryň arasynda Singapurdan Ki Ýuan Ngiam hem bar, ol hiç bir emeli aňyň lukmanyň derejesine ýetip bilmejekdigine ynanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň