Indoneziýanyň hökümeti Lewotobi Laki-laki ýanardagynyň sekiz gezek yzygiderli çogmasyndan soňra onuň howplulyk derejesini ýokarlandyrdy diýip, ýurduň Ýanardaglary öwreniş agentligine salgylanýan «RIA Nowosti» habar berdi.
Lewotobi Laki-laki ýanardagy ýurduň gündogaryndaky Flores adasynda ýerleşip, geçen ýekşenbede beýikligi 3-den 5,5 kilometre ýetýän kül pürkdi.
Agentlik tarapyndan görkezilen suratlarda ýanardagyň kraterinden zyňlyp çykýan goýy çal tüsse görünýär. Düýn, duşenbede bolsa, ýanardag 1,2 kilometre çenli kül zyňdy.
Howpsuzlyga gözegçilik boýunça gulluk ýanardagyň alty kilometr töweregini arassalamak barada çykyş etdi hem-de ýaşaýjylara eger güýçli ýagynlar başlansa, kraterden sowuk lawanyň akmagynyň mümkindigini duýdurdy.