Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BSGG dünýäde temmäki sarp edilişiniň azalandygyny habar berdi

09:0920.05.2025
0
14488
BSGG dünýäde temmäki sarp edilişiniň azalandygyny habar berdi
Surat: UN

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Temmäka garşy göreşmek boýunça çarçuwaly konwensiýasy kabul edileninden bäri geçen 20 ýylyň dowamynda dünýäde temmäki sarp edilişi üçden bir derejede azaldy. Bu barada guramanyň baş direktory Tedros Adanom Gebreýesus Saglygy goraýşyň Baş assambleýasynyň 78-nji ýygnagynda aýtdy diýip, «RIA Nowosti» ýazýar. Baş direktor şol sanda geçen 20 ýylda çilim çekýänleriň sanynyň 300 million azalandygyny nygtady.

BSGG-niň maglumatlaryna görä, temmäki ulanmak saglyk üçin iň esasy howplaryň biri bolup durýar. Temmäki çekýänleriň tas ýarysy keselden pida bolýar. Her gün çilim çekmek sekiz milliondan gowrak adamyň ölümine getirýär, olaryň ýedi milliondan köpüsi temmäkini çekýänler ýa-da öň sarp edenler bolup durýar, 1,2 million çilim çekmeýän adamlar temmäki tüssesiniň ikilenç täsirine uçraýanlardyr.

Temmäki ulanmagyň giň ýaýran görnüşi çilim çekmek bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň