Top.Mail.Ru

Stawropol ülkesinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi

14:5417.05.2025
0
32902

16-njy maýda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygynyň (Astrahan ş.) we RF-iň Stawropol ülkesiniň Blagodarnenskiý etrabynyň Edelbaý obasynyň 14-nji orta mekdebiniň guramagynda Edelbaý obasynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Bu çärä Blagodarnenskiý etrabynyň häkimliginiň, medeni we bilim edaralarynyň wekilleri, şeýle-de Stawropol ülkesinde bilim alýan türkmenistanly talyplar gatnaşdylar.

Çäre Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desselerini goýmakdan başlanyldy. Soňra gatnaşyjylaryň taýýarlan edebi kompazisiýalary we aýdym-sazly döredijilikli çykyşlary bilen dowam etdirildi. Mundan başga-da, çärä gatnaşan myhmanlara türkmen desterhanyň başynda dürli milli tagamlar hödür edildi. Çäräniň soňy Demirgazyk-Kawkaz federal uniwersitetiniň talybynyň türkmen dilinde ýerine ýetiren aýdymy bilen tamamlandy. Bu barada Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygy habar berdi.

Blagodarnenskiý etrap häkiminiň orunbasary Alekseý Neşadimow, häkimligiň bilim we ýaşlar syýasaty bölüminiň orunbasary Ýelena Požarowa we Edelbaý obasynyň 14-nji orta mekdebiniň müdiri Gülistan Mätiýewa gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

Bu dabaraly çäräniň işjeň gatnaşyjylary Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygynyň (Astrahan ş.) adyndan Hormat hatlar, ýadygärlik baýraklar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň