Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Gyrgyzystana bilelikdäki welosipedli ýörişi guramagy teklip etdi

09:0216.05.2025
0
9726
Türkmenistan Gyrgyzystana bilelikdäki welosipedli ýörişi guramagy teklip etdi
Surat: Vb.kg

Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky ilçisi Nazar Gölliýew Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet agentliginiň direktory Aýbek Abdymomunow bilen duşuşdy. Bu barada sport.gov.kg saýty habar berdi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle hem sport ulgamynda mundan beýläkki hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki sport çärelerini geçirmek bilen bagly meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ilçi N.Gölliýew Bütindünýä welosiped güni mynasybetli 3-nji iýunda bilelikdäki welosipedli ýörişi guramagy teklip etdi. Öz gezeginde, gyrgyz tarapy bu başlangyjy makullady.

Duşuşygyň jemleri boýunça işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmek, sportuň ösmegine hem-de Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga itergi berýän bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek barada pikir alşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň