13-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Oňa dünýä döwletleriniň 11-sinden, ýagny Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Belgiýa Patyşalygyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Katar Döwletinden, Özbegistandan, Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistandan, Rumyniýadan ylmy-döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly II halkara bäsleşigine gatnaşyjylar, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar institutyň eýwanynda guralan türkmen halkynyň şu gününden we taryhyndan söz açýan amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisini synladylar. Şeýle-de sergide Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri, türkmen halkynyň milli gymmatlyklary ýerleşdirildi. Myhmanlar Türkmen diplomatiýasynyň taryhy muzeýine hem aýlanyp gördüler.
Soňra maslahatyň umumy mejlisi boýunça çykyşlara giň orun berildi. Umumy mejlisde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory G.Ýusupowa, Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory Mohamed Al-Horr, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň müdiri, taryh ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň ussat diplomaty Amangeldi Rahmanow, Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler uniwersitetiniň Russiýa boýunça ylmy-barlag merkeziniň müdiriniň orunbasary, filosofiýa ylymlarynyň doktory, dosent Çşan Szýan, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň (uniwersitetiniň) Halkara gatnaşyklary we Russiýanyň daşary syýasaty kafedrasynyň professory, taryh ylymlarynyň doktory Ýewgeniý Kožokin, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Syýasy we halkara barlaglar merkeziniň uly hünärmeni, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi Manuçer Moradi, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň El Paso şäherindäki Tehas uniwersitetiniň professory, filosofiýa ylymlarynyň doktory Murat Çoşanow, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin erkin uniwersitetiniň Gündogar Ýewropa gatnaşyklary bölüminiň müdiri Tobias Ştýudemann çykyş etdiler.
Çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçirilýän dabaralaryň, şol sanda şu gezekki halkara ylmy-amaly maslahatyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen utgaşýandygyna aýratyn ünsi çekip, munuň 2025-nji ýylyň ähmiýetini has-da artdyrýandygyny bellediler. Şeýle-de, halkara ylmy amaly maslahatda Türkmenistanyň iş ýüzünde alyp barýan daşary syýasatynyň dünýä we sebit gatnaşyklaryny ösdürmek, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek babatynda ýokary bahalara mynasyp bolýandygyny nygtadylar.
Umumy mejlis tamamlanandan soňra, ylmy-amaly maslahat öz işini «Bitaraplyk syýasatynyň parahatçylygy dörediji ýörelgeleri: Türkmenistanyň milli tejribesi», «Ykdysady diplomatiýa ― durnukly ösüş ugrundaky hyzmatdaşlygyň netijeli guraly», «Medeni diplomatiýa: ynsanperwer gatnaşyklaryň milli we umumadamzat ähmiýetli ýörelgeleri», «Halkara gatnaşyklary boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň dünýä tejribesi: ylym-bilim we okuw-usuly işler» diýlip atlandyrylan dört bölümçede dowam etdi.