Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli ekologik çäre geçirdi

10:5814.05.2025
0
16936

Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň diplomatlary hem-de beýleki ýurtlaryň wekilleri Russiýanyň ilçihanasynyň töweregindäki meýdanda «Ýatlama seýilgähini» döretdiler. Bu barada TASS habar berdi.

«Goý, bu «Ýatlama seýilgähi» Aşgabat şäherine mynasyp sowgat hem-de nesilleriň arasyndaky üzülmeýän baglanyşygyň aýdyň nyşany bolsun. Şeýle hem sowet halkynyň unudylmajak gahrymançylygynyň janly ýadygärligi hökmünde hyzmat etsin» diýip, dabaranyň açylyşynda Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin belledi.

Bu çärä Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň ilçileri, şeýle hem Ermenistanyň, Özbegistanyň, Pakistanyň we beýleki ýurtlaryň ilçihanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Soňra çärä gatnaşan diplomatik wekilhanalaryň hem-de beýleki guramalaryň wekillerinden isleg bildirýänler seýilgähiň ady ýazylan ýatlama daşynyň öňünde gül goýdular.

Ilçi Wolynkiniň ýatlatmagyna görä, «Ýatlama bagy» atly halkara ekologik çäre Russiýanyň başlangyjy bilen 2020-nji ýyldan bäri geçirilýär. Bu çäräniň maksady — Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda wepat bolan Sowet Soýuzynyň ýaşaýjylarynyň her biriniň hatyrasyna her ýyl 27 million agaç nahalyny oturtmakdan ybaratdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň