Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Turkish Airlines» bilen syýahat ediň: 131 ýurt we amatly uçuşlar

11:0407.05.2025
0
18580

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy ýolagçylara diňe bir oňaýly uçuşlary däl-de, eýsem köp ýurtlary we yklymlary öz içine alýan giň ugurlar ulgamyny hödürlemek bilen, dünýäniň howa gatnawyny amala aşyrýan öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri hökmünde özüni tanatdy.

Kompaniýa ýüzlerçe ugurlara — uly şäherlerden başlap, planetanyň ekzotik künjeklerine çenli ýüzlerçe ýere uçmaga elýeterliligi üpjün edip, dünýäniň 131 ýurduna gatnaýar. Bu giň ulgam «Turkish Airlines» awiakompaniýasyny işewürlik we dynç alyş syýahaty üçin örän amatly saýlawa öwürýär, aýratyn-da, ol Stambulyň döwrebap we giň halkara howa menzili arkaly dünýäniň islendik nokadyna aňsatlyk bilen gitmäge mümkinçilik berýär.

Köp sanly gatnaw ugurlary bilen birlikde, «Turkish Airlines» ýokary derejeli hyzmaty bilen meşhurdyr. Ýolagçylar uçaryň oňaýly salonyna, ünsli we ýokary derejeli hünärmenlerine, şeýle hem bortdaky ýokary hilli iýmitlere uly baha belleýärler.

Ýygy-ýygydan uçýanlar üçin «Turkish Airlines» uçuşlar üçin mil gazanmaga we has gowy hyzmatlardan, goşmaça goşlar we howa menziliniň işewürlik otaglaryna girmek ýaly dürli artykmaçlyklardan peýdalanmaga mümkinçilik berýän «Miles & Smiles» loýallyk programmasyny hödürleýär.

Indiki syýahatyňyz üçin «Turkish Airlines» awiakompaniýasyny saýlamak — bu hiliň, ygtybarlylygyň we dünýä derejesine çykmagyň peýdasyna edilen çözgüt bolar.

Awiapetekleri bronlamak üçin «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky satuw ofisine ýüz tutuň:

  • ýerleşýän salgysy: G.Kulyýew köçesi, 39-njy jaý, «Ussat» binasy;
  • telefon belgisi: (+993 61) 01 44 33;
  • e-mail: askabatbiletsatis@thy.com.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň