Türkmenistanly türgen Yslam Akmyradow Perunyň paýtagty Lima şäherinde geçirilýän ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy.
Yslam Akmyradow 96 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, silterläp götermekde 141, itekläp götermekde 175 we iki görnüşiň jemi boýunça 316 kilogram netije bilen ikinji orny eýeledi. Bu agramda birinji ýer ermenistanly Grigor Gazarýana (silterläp götermekde 145 kg, itekläp götermekde 185 kg, jemi 330 kg), üçünji orun bolsa hindistanly Parw Çaudhara (silterläp götermekde 140 kg, itekläp götermekde 175 kg, jemi 315 kg) nesip etdi.
Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Türkmenistanyň ýygyndysynyň agzalaryndan Didarbek Jumabaýewiň, Kakamyrat Annamyradowyň hem-de Ogulşat Amanowanyň bu ýaryşda medal gazanandygyny habar beripdik.