Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýygyndysy Günorta Afrikany ýeňip, Stambulda geçirilen Dünýä çempionatynda ikinji orny eýeledi

16:5728.04.2025
0
30311

Türkmenistanyň ýygyndysy hokkeý boýunça üçünji diwizionyň «A» toparynda geçirilýän Dünýä çempionatynyň soňky tapgyrynda Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndysyny owertaýmynda (goşmaça wagtda) üstün çykdy (6:5 OT). Stambuldaky duşuşygyň esasy wagty 5:5 hasaby bilen tamamlandy, owertaýmda Kerwen Baýlyýewiň garşydaşynyň derwezesine salan şaýbasy türkmen toparyna ýeňiş getirdi.

Türkmenistanyň ýygyndysy şu çempionatda ýeňşe bolan mümkinçiligini ýitiren hem bolsa, ýaryşyň soňky duşuşygy öz ähmiýetini ýitirmedi. Günorta Afrika Respublikasyna garşy üstünlikli oýnunyň netijesinde Ylýas Weliýewiň topary ýaryş tertibinde ikinji orny eýeledi. Gyrgyzystandan sezewar bolan (1:8) ýeke-täk ýeňlişi Türkmenistana ýaryşda ýeňiji bolmaga we ikinji diwiziona geçmäge päsgel berdi, netijede ol ýere Gyrgyzystanyň topary gitdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň