Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň medeniýet ministri Erzurumdaky forumda birnäçe duşuşyklary geçirdi

11:2826.04.2025
0
29848

Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow Türkiýäniň Erzurum şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) 6-njy syýahatçylyk baradaky ministrleriň maslahatynda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

ECOTourism Capital 2025 çäreleriniň çäklerinde Türkmenistanyň medeniýet ministri YHG-niň Baş sekretary Asad Majid Han bilen duşuşdy. YHG-niň baş sekretary özüniň Twitter ulgamyndaky sahypasynda bu duşuşyk barada belläp geçdi:

«Erzurumda ECOTourismCapital2025 çäresinde Türkmenistanyň medeniýet ministri jenap Atageldi Şamyradow bilen duşuşmak hormaty maňa miýesser etdi. Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagyny ösdürmekde ajaýyp üstünliklere eýe bolandygyny belledim. Şeýle-de biz syýahatçylyk babatda sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ýollaryny ara alnyp maslahatlaşdyk».

Mundan başga-da, Şamyradow Eýranyň Medeni miras, syýahatçylyk we senetçilik ministri Seýed Reza Salehi Amiri bilen duşuşdy. ISNA neşiriniň maglumatlaryna görä, eýranly ministr Tähranyň Aşgabat bilen syýahatçylyk we medeniýet gatnaşyklarynyň täze tapgyryny ösdürmek baradaky çynlakaý niýetini nygtady we sebit medeni sinergiýasyny berkitmek üçin strategik ýol kartasyny hödürledi.

Salehi Amiri Eýranyň we Türkmenistanyň halklarynyň arasyndaky çuňňur taryhy umumylygy belläp geçip, bu babatda şeýle diýdi:

«Medeni diplomatiýa medeniýetleri ýakynlaşdyrmagyň iň netijeli gurallarynyň biri hökmünde iki goňşy ýurduň arasynda durnukly özara gatnaşyklar üçin esasy berkidip biler».

Eýranyň ministri üç esasy ugur boýunça medeni hyzmatdaşlyk barada bilelikdäki resminama taýýarlamagy teklip etdi. Olaryň hatarynda medeni miras babatda ylmy-barlag hyzmatdaşlygyny ösdürmek, iki ýurduň şäherlerinde sergiler arkaly syýahatçylyk ulgamynda özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi, şeýle-de senetçilik pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak meseleleri agzaldy.

Salehi Amiriniň beýleki teklipleriniň hatarynda - bilelikdäki medeniýet günlerini yglan etmek, umumy bilim we barlag platformalaryny döretmek we ikitaraplaýyn medeni hyzmatdaşlyk boýunça strategik resminamany işläp düzmek meseleleri bellenip geçildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň