Türkmenistanyň iň iri gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» gaz känindäki 285 belgili ulanyş guýusynda 4452 metr çuňlukda buraw işleri üstünlikli geçirilip, ýeriň çuňlugynyň 4412-4136 metr aralygyndaky gatlaklarda tebigy gazyň çykymy bir gije-gündizde 2 million kub metr bolan täze akymy alyndy. Bu barada TDH habar berdi.
Bellenilişi ýaly, guýynyň önümçilik mukdaryny ýokarlandyrmak ugrunda zerur tagallalar edilýär.
Degişli işleriň milli hünärmenleriň tagallalary bilen ýerine ýetirilendigini, oňa ýaş gazçylaryň hem uly goşant goşandygyny bellemek gerek. Gaz guýularyny burawlamakda, olaryň gurluşygyny doly tamamlap, ulanyşa girizmekde häzirki zamanyň sanly tehnologiýalary işjeň peýdalanyldy.