8-nji aprelde Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary ýurtdaky türkleriň we kowumdaş jemagatlaryň işleri baradaky müdirligiň (YTB) başlygy Abdullah Ereniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-türk gatnaşyklarynyň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de taryhy-medeni umumylyklara esaslanýandygyny aýratyn nygtadylar. Şeýle-de ýokary we hünär bilimi, talyplaryň akademik alyş-çalyş hem-de ylmy hyzmatdaşlyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygy bellenildi.
Ministr J.Gurbangeldiýew Daşary ýurtdaky türkleriň we kowumdaş jemagatlaryň işleri baradaky müdirligiň «Türkiye Burslari» (Türkiýäniň talyp haklary) maksatnamasynyň çäklerinde türkmen talyplarynyň Türkiýede bilim almagyna döredilýän mümkinçilikler üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen ýaşlaryna talyp haklary berlende, ilkinji nobatda, maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş, oba hojalygy, pedagogika we tebigy ylymlar ýaly ugurlaryň ileri tutulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Şeýle hem türkmen tarapy türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan halkara gatnaşyklarynyň täze filosofiýasy hökmünde öňe sürlen «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly taglymaty türki dilli döwletleriň ýaşlarynyň arasynda giňden ýaýbaňlandyrmak boýunça Türkiýe Respublikasynyň Daşary ýurtdaky türkleriň we kowumdaş jemagatlaryň işleri baradaky müdirligi (YTB) bilen bilelikde çäreleriň geçirilip bilinjekdigine aýratyn üns çekdi.
Türk tarapy öz gezeginde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen birnäçe teklipleri beýan etdi. Olaryň hatarynda: türkmen ýaşlaryny Türkiýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde lukmançylyk we inženerçilik ýaly ugurlarda talyp hakly okatmak, orta hünär-tehniki bilim boýunça mümkinçilikleri döretmek, döwlet işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak, tomusky okuwlara türkmen ýaşlaryny çagyrmak hem-de ikitaraplaýyn akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ösdürmek ýaly ugurlar bar.
Duşuşygyň ahyrynda ministr J.Gurbangeldiýew Abdullah Ereni 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň birinji ýarymynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara ylmy maslahatyna we sergä hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy. Taraplar geljekde bilim ulgamyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň has-da pugtalanjakdygyna ynam bildirdiler.
Mundan başga-da, Abdullah Ereniň ýolbaşçylygyndaky türk wekiliýeti Aşgabat şäherine saparynyň çäklerinde Magtymguly adyndaky TDU-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde duşuşyklary geçirdi. Olarda Türkmenistanyň ady agzalan ýokary okuw mekdepleri bilen öňdebaryjy türk uniwersitetleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.