Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Ermenistanyň abraýly bilim edaralarynyň birnäçesine baryp gördi. Ýerewan şäherinde geçirilen Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 10-njy mejlisiniň çäklerinde guralan bu saparlaryň maksady innowasion bilim modellerini öwrenmekden, tejribe alyşmakdan we geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi.
Iş saparynyň dowamynda, ilki bilen, «TUMO» Kreatiw tehnologiýalar merkezine (TUMO) barlyp görüldi. Bu merkez 12-18 ýaşyndaky ýetginjekler üçin mugt goşmaça bilim bermegiň innowasion nusgasyny ornaşdyrýandygy bilen meşhur. Merkez STEM ugry (ylym, tehnologiýalar, inženerçilik we matematika ugurlary) boýunça, şol sanda animasiýa, kompýuter oýunlaryny döretmek, web-programmirleme, robototehnika we täze media ýaly ugurlar boýunça okuwlary guramaga ýöriteleşendir. Bu ýerden alnan maglumatlar talyplaryň tehnologik sowatlylyk derejesini ýokarlandyrmak üçin şunuň ýaly maksatnamalary Türkmenistanyň şertlerinde uýgunlaşdyrmagyň mümkinçilikleriniň bardygyny görkezdi.
Iş saparyň dowamynda Hünär bilimini we okatmagy ösdürmegiň milli merkezine (NCVETD) (MKUZAK) hem barlyp görüldi. Bu merkez Ermenistanyň hünär bilimi ulgamyny özgertmek babatda möhüm orny eýeleýär. Maslahatlaşmalarda dual bilimi, zähmet bazarynyň zerurlyklaryny çaklamak hem-de ykdysadyýetiň hususy bölegi bilen hyzmatdaşlyk etmek ýaly meseleler üns merkezinde boldy.
Ermenistanyň Milli politehniki uniwersitetiniň ýanyndaky öňdebaryjy tejribe merkezi bolan Ermeni milli inženerçilik barlaghanalarynyň (ANEL) (ANEL) işi bilen tanyşmak üçin ol ýere iş sapary amala aşyryldy.
ANEL-de geçirilen iş duşuşyklarynyň çäklerinde esasan inžener biliminde tejribe alyşmak, ylmy barlaglar we innowasion taslamalar boýunça hyzmatdaşlyk etmek meselelerine garaldy. Bellenilişi ýaly, bu iş sapary Türkmenistanyň bilim edaralaryna Ermenistanyň degişli institutlary bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we ýokary tehnologiýalar boýunça bilelikdäki taslamalary ilerletmäge giň mümkinçilikleri döredýär.
Iş saparynyň dowamynda ylym we bilim edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de işgärleri bilen geçirilen duşuşyklarda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça peýdaly maslahatlaşmalar bolup geçdi. Talyplaryň alyş-çalyşy, bilelikdäki ylmy-barlag taslamalary, bilim bermek we okuw işini guramak babatda iň gowy tejribeleri işe uýgunlaşdyryp ornaşdyrmak hyzmatdaşlygy mundan beýläk ösdürmegiň esasy ugurlary hökmünde bellenip geçildi.