Meteorologiýa hyzmatlarynyň berýän habaryna görä, indiki hepde Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary yssy günleri garşy alarlar. «Gismeteo»-nyň berýän çaklamasyna görä, 19-njy martda Aşgabatdaky howa şu ýyl ilkinji gezek +30 gradusdan ýokary bolar.
Meteorologlar 17-nji martdan başlap temperaturanyň kem-kemden ýokarlanjakdygyny bellediler. Duşenbe güni termometr gündizine +27 gradusy, gijelerine + 12 gradusy görkezer. Sişenbede bolsa gündizine +29 gradus we gije +15 gradus bolar.
Howanyň iň ýokary derejesi 19-njy mart, çarşenbe güni bolar. Şol gün gündiz howanyň temperaturasy +30 gradusa ýeter. Şeýle hem gijelerine, takmynan, +17 gradus bolar. Şeýle-de bolsa, 20-nji martda howa birneme maýlar: howanyň temperaturasy gündiz +21 gradus, gijesine +14 gradus.