Türkmenistanda 2025-nji ýylyň ilkinji iki aýynda görlen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşi üpjün edilýär, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar. Bu döwürde jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1 göterime, gurluşykda 2 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 11,1 göterime, söwdada 9,9 göterime, oba hojalygynda 3,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,8 göterime deň boldy. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada 7-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradowyň şu ýylyň geçen iki aýynda ýurtda gazanylan makroykdysady görkezijiler bilen bagly hasabatynda aýdyldy.
Hasabatda bellenilmegine görä, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,4 göterim artdy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň iki aýynda bölek satuw haryt dolanyşygy 12,1 göterim, daşary söwda dolanyşygy 8,1 göterim ýokarlandy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102,1 göterim, çykdajy bölegi 97,5 göterim ýerine ýetirildi.
Ýurduň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,9 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 27,3 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamak üçin netijeli işleri alyp barmagyň, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň önümçilik meýilnamalarynyň doly ýerine ýetirilmegini gazanmagyň möhümdigini nygtap, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Hökümet mejlisiniň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, geçen iki aýda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz türkmen döwletiniň şu ýyl hem depginli ösmegini dowam etdirýändigini görkezýändigini belledi.
«Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde jemi içerki önüm boýunça görkezijiler, ýylyň başyndaky ýaly, 6,3 göterim möçberde saklanýar. Iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryndaky özgertmeler kabul eden meýilnamalarymyza laýyklykda alnyp barylýar» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.
Döwlet Baştutany ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady.