Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk etmek babatda ylalaşyga gol çekildi

17:0907.03.2025
0
22685

Şu gün Aşgabatda Gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk we özara administratiw ýardam bermek hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Gruziýanyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi. Degişli resminama Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzeniň Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde geçirilen Türkmenistanyň we Gruziýanyň wekiliýetleriniň giňeldilen düzümdäki gepleşikleriň netijesi boýunça gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň metbugat gullugy habar berdi.

Resminama Türkmenistanyň we Gruziýanyň gümrük edaralarynyň arasynda mundan beýläkki amaly hyzmatdaşlygyň kanuny esasyny düzýär.

Gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda, taraplar gümrük kadalarynyň bozulmalaryna, şol sanda kontrabanda garşy göreş, serhetden geçirilýän harytlar we ulaglar serişdeleri barada elektron maglumat alyşmak, gümrük statistikasynyň maglumatlaryny seljermek we gümrük töwekgelçiligini dolandyrmak, özara tejribe alyşmak ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk ederler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň