Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-eýran serhedinde söwda bazarçasyny gurmak teklip edilýär

10:4507.03.2025
0
13496
Türkmen-eýran serhedinde söwda bazarçasyny gurmak teklip edilýär
Surat: Türkmenistanyň Eýrandaky Ilçihanasy

5-nji martda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň sekretariatynda bilelikdäki söwda zolaklary döretmek boýunça toparynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Eýranyň degişli döwlet edaralarynyň ygtyýarly wekillerinden düzülen işçi toparynyň duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Tährandaky diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşykda türkmen-eýran serhedinde söwda bazarçasyny gurmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, teklip edilýän serhetýaka söwda bazarçasynyň YHG-niň sebitinde we iki ýurduň arasynda serhetara söwdany ösdürmekde hem-de ykdysady gatnaşyklary berkitmekde amatly boljakdygyny bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň