Turkish Airlines awiakompaniýasy Aşgabat-Stambul-Moskwa ugry boýunça ýörite nyrhlar üçin biletleri sargyt etmegiň möhletiniň uzaldylýandygyny habar berdi. Uçar gatnadyjysynyň maglumatlaryna görä, ýolagçylar indi 15-nji marta çenli ýörite bahadan biletleri sargyt edip, satyn alyp bilerler.
Awiakompaniýa häzir uçuşlaryň biletleriniň özüne çekiji bahalaryny – 382 ABŞ-nyň dollaryndan hödürleýär. Şunda awiakompaniýanyň uçary bilen syýahat etmek 31-nji marta çenli döwri öz içine alýar.
Goşmaça maglumatlary almak ýa-da öňünden sargyt etmek üçin ýolagçylar kompaniýanyň ofisinde şu salgy boýunça habarlaşyp bilerler: G. Kulyýew köçesi, jaý 39, «Ussat» binasy.
Habarlaşmak üçin:
- e-poçta: mailto:askabatbiletsatis@thy.com;
- telefon: (+993 61) 01 44 33;
- web-saýt: turkishairlines.com.