Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Guwlyduz» kärhanasy Owganystana tehniki duz eksport edýär

11:3506.03.2025
0
14002
«Guwlyduz» kärhanasy Owganystana tehniki duz eksport edýär
Surat: Türkmenmetbugat

Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Guwlyduz» kärhanasynda öndürilýän ýokary hilli nahar duzunyň umumy mukdary ýylda 40 müň tonna ýetirmäge mümkinçilik bar. Gerdejik görnüşli tehniki duz babatda bu görkeziji ýylda 2 müň 500 tonna deňdir.

«Balkan» gazetinde berilýän habara görä, bu ýerde 2025-nji ýylyň geçen döwründe gazylyp alnan duzuň umumy möçberi 8 müň 910 tonna ýetip, meýilnama 101,5 göterim hötde gelindi. Däneli duz öndürmekde hem şeýle zähmet netijesi gazanylyp, duzuň bu görnüşiniň 7 müň 920 tonnasy öndürildi. Umumy gaplanan nahar duzunyň möçberi bolsa 2 müň 357 tonnadan geçip, ösüş depgini 117,5 göterim ýokarlandy.

Kärhana nebit we himiýa senagatynda, azyk, dokma, derman önümçiligi pudaklarynda, ýyladyş ulgamynyň işini kadaly ýola goýmakda giňden ulanylýan däneli duzy Owganystan döwletiniň hususy kärhanalaryna ibermegi ýola goýdy.

Kärhanada öndürilýän nahar duzuny kaliý ýodaty bilen baýlaşdyrmagyň ýola goýulmagy «Guwlyduz» kärhanasyna şöhrat getiren üstünlikleriň biri boldy. Bu zähmet üstünliginiň BMG-niň Çagalar gaznasynyň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýod ýetmezçiligi zerarly döreýän kesellere gözegçilik etmek boýunça Halkara geňeşiniň ýokary bahasyna mynasyp bolmagy munuň aýdyň güwäsidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň