Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Nowgorodly telekeçiler Türkmenistana işewürlik sapary bilen gelmäge taýýarlyk görýärler

13:4905.03.2025
0
19603

Russiýa Federasiýasynyň Nowgorod oblastynda 16-18-nji mart aralygynda Türkmenistana meýilleşdirilýän işewürlik saparyna işjeň taýýarlyk görülýär – diýip, «53 nowosti» neşiri habar berýär.

Taýýarlygyň çäklerinde sebitdäki telekeçiler Russiýanyň Türkmenistandaky Söwda wekili Andreý Hripunow bilen onlaýn duşuşyk geçirdiler. Bu çäräni ýerli kompaniýalara bazar aýratynlyklaryna has gowy düşünmek we işewürlik gatnaşyklaryny guramak üçin Nowgorodyň eksporta goldaw beriş merkezi tarapyndan gurnaldy.

Merkeziň müdiri Alekseý Syrnikowyň belleýşi ýaly, şunuň ýaly duşuşyklar täze bazarlara girmek üçin möhüm guraldyr. Nowgorod sebitiniň maýa goýum syýasaty ministri Denis Nosaçýow Türkmenistan bilen sebitiň arasyndaky söwda dolanyşygynyň kem-kemden ösdürilýändigini we öňde boljak saparyň hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça wajyp ädim boljakdygyny aýtdy.

Andreý Hripunow türkmen hyzmatdaşlary bilen işleşmegiň esasy taraplary, şol sanda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmeleriň aýratynlyklary, söwda dolanyşygynyň gurluşy we logistika meseleleri barada jikme-jik gürrüň berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň