«Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistandaky demir ýol konteýner daşamalarynyň operatory hökmünde «Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesiniň çäklerinde uly möçberli konteýner daşamalaryny amala aşyrmagy dowam etdirýär.
2025-nji ýylyň fewral aýyndan başlap, TULM Belarusyň iň iri kärhanalarynyň biri bolan «Belaruskaliý» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň öndürýän kaliý dökünlerini daşamaga başlady. Ilkinji ýük ugradylyşlaryň çäklerinde her biri 62 sany (40 futluk) konteýnerden ybarat bolan iki synag konteýner otlusynyň gatnawy amala aşyryldy. Bu barada newscentralasia.net saýty habar berdi.
Ýük daşamanyň ugry Belarus, Russiýa, Gazagystan, Türkmenistan we Eýran ýaly ýurtlary öz içine aldy. Ýükler Türkmenistanda ýerleşýän Etrek demir ýol bekedi arkaly üstaşyr geçirilip, soňra Eýranyň Bender-Abbas portnyň üsti bilen deňiz ulagynda Hytaýyň gündogar deňiz portlaryna ugradyldy.
Umuman, synag daşamalarynyň çäklerinde sekiz sany otlynyň gatnawynyň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär. Ýük daşamanyň umumy möçberi bolsa aýda 20 000 tonna çenli ýetip biler. Geljekde bolsa TULM ýük daşamalaryň geografiýasyny giňeldip, belarus kaliýsini «Demirgazyk – Günorta» geçelgesi arkaly Hindistanyň portlaryna hem ibermegi meýilleşdirýär.